Türkmen türgenleri Berlinde 13 medal gazandy

Germaniýanyň Berlin şäherinde karate boýunça 17-nji gezek geçirilen Banzai Cup atly halkara ýaryş tamamlandy. Oňa 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy. Şolaryň arasynda türkmen türgenleri hem bar. Ýaryşda ildeşlerimiz 13 medal gazandylar. Olaryň dördüsi altyn, ikisi kümüş, ýedisi bolsa bürünç medallardyr.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medallaryny Öwezmyrat Sapardurdyýew (kata görnüşi, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda), Allanur Ýalkabow (kata görnüşi, 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda), Resul Atajanow (kumite görnüşi, 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda) we Dawut Nazmyradow (kumite görnüşi, ulularyň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde) gazandy.

Kümüş medallaryň ikisini hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow gazandy. Ol 75 kilograma çenli 21 ýaşdan uly türgenleriň arasynda we şol agram derejesinde açyk ýaryşda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Perhat Atamyradow (kata), ulularyň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde Baýry Baýryýew, 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde Erkin Taganow, 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 61 kilograma çenli agram derejesinde Rüstem Puhanow, ulularyň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde Süleýman Garlyýew bilen Muhammetnur Annamuhammedow (ählisi hem kumite boýunça) bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýene bir bürünç medaly Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy kumite görnüşi boýunça eýeledi.

Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly karateçiler Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň karate ýygyndysy dünýä çempionatynda 102 medal gazandy!
Türkmenistanyň karate ýygyndysy Malaýziýada geçirilýän Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň DIM-niň ýokary okuw mekdebiniň talyby Germaniýada karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy