Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy geçirildi. “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen dabaraly çärä hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, tanymal türgenler hem-de tälimçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orna mynasyp bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Ony wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow okady.Milli Liderimiziň Gutlagynda: “Türgenlerimiziň dünýäniň iri sport ýaryşlaryna gatnaşmagy hem-de gazanýan üstünlikleri, ýurdumyzyň halkara sport giňişliginde ýylsaýyn artýan abraýy Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de Olimpiýa hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýlip bellenilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenlerini hem-de tälimçilerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de olara sowgatlary gowşurmak hakyndaky Permanlaryny we Buýrugyny okady.
Bilşimiz ýaly, halkara sport çärelerinde Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän türgenleri döwlet derejesinde sylaglamak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.Türgenlerimiz agyr atletika boýunça abraýly halkara ýaryşlarynda ençeme gezek ýokary netijeleri gazandylar.
Mysal üçin, Polina Gurýewa ençeme gezek ýeňiş gazanmagy başardy.Ol 2017-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda altyn medala, 2018-nji ýylda Daşkent şäherinde (Özbegistan) geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda bürünç medala eýe boldy. 2019-njy ýylda Fiji Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatynda, şeýle hem 2021-nji ýylyň aprelinde Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda dördünji orny eýeledi.
Polina Gurýewa Tokiodaky XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 217 kilogram netije görkezdi hem-de türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.
Wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow tapawutlanan türgene hem-de onuň tälimçilerine dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda ýokary döwlet sylaglaryny gowşurdy.Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň mugallymy A.Saryýewe Türkmenistanyň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni gowşuryldy.
Ahmet Saryýew zähmetine berlen ýokary baha hem-de sporta giň ýol açmak, sport ulgamynda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýurdumyzda ähli şertleri döretmek babatyndaky yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň we mähriban Diýarymyzyň bähbidine alyp barýan asylly işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanandygyny, 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländigini hem-de gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby P.Gurýewa “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly at dakyldy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy A.Emirýana 2021-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy.
Olimpiýa medalyny gazanan türgeniň tälimçisi Artur Emirýan öz gezeginde Polina Gurýewanyň Tokio Olimpiadasyndaky üstünligi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy diýip nygtady.Bellenilişi ýaly, biziň türgenimiziň ýeňşiniň hormatyna ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy Türkmenistanyň sport wekiliýeti üçin iň tolgundyryjy pursat boldy.
Milli ýygyndymyzyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, tälimçi hormatly Prezidentimize ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de dünýäniň sport giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak ugrunda güýç-gaýratyny, bilim-tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Şonuň ýaly-da döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby P.Gurýewa Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryndan amatlyklary bolan üç otagly öýüň hem-de 2020-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Lexus LX570 Sport Plus” kysymly awtoulagyň açarlary we 50 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy gowşuryldy.
Türkmenistanyň döwlet senasynyň owazy astynda Watanymyzyň ýaşyl Tugy belende galdyrylýar.P.Gurýewa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, bu ulgamda gazanylýan üstünlikler türkmen türgenlerine uly ynam bildirýän hem-de olary ýeňişlere ruhlandyrýan milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. “Olimpiadada gazanan üstünligimiziň hormatyna Döwlet tugumyz belende galdyrylan pursadynda bizi çäksiz buýsanç duýgusy gurşap aldy.
Sebäbi biz mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödemegi başardyk” diýip, türgen aýtdy.Hormatly Prezidentimize ýokary döwlet sylagy üçin hoşallyk bildirip, ol türkmen sportunyň abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
