Türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

13-nji awgustda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkiýä saparynyň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty we 2024-nji ýyl Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilmeli çäreler boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Duşuşykda TÜRKSOÝ, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini wagyz etmäge aýratyn üns berildi.Taraplar şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOY-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen mümkin bolan ähli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary TÜRKSOÝ-yň edara binasynda türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitaplaryň we suratlaryň sergisi bilen tanyşdylar.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Siwas şäheriniň döwlet teatry Aşgabatda Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen çykyş etdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Kiýewde Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi