Türkmen — Türk hyzmatdaşlygy ösdürilýär

1-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti FuatOktaýy kabul etdi.Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetaratürkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza TürkiýeRespublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi üçin amatlypursatda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelmäge iberen çakylygyny gowşurdy.

Türkiýede doganlykTürkmenistan bilen umumy taryhy köklere we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeligatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirlijogap sözlerini aýtdy we ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly sebitara hem-de halkaraguramalaryň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi.Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-türkgatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyösdürmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlarynyňkesgitlenilmegini, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän hökümetara toparyň işinewajyp ornuň degişlidigi nygtaldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy we köpugurlyesasda ösdürmegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap senagat düzüminiň döredilmegine, iş tejribesine häzirkizaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň we oňyn işläp taýýarlamalaryňornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär.

Bu bolsa, öz gezeginde, daşary ýurtly, şol sanda türk hyzmatdaşlarymyzbilen netijeli gatnaşyklara oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentiFuat Oktaý däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasdaösdüriljekdigine, anyk many-mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Şol gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň,şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçiliklitoparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisigeçirildi.

Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýeteeýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar.Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekdebilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hemmöhüm pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda işewürlik we telekeçilikdüzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem berkidilýär.

Duşuşykda türkmen we türk harytöndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ugradylýan harytlaryň görnüşleriniartdyrmak meselelerine deglip geçildi.Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary