Türkmen wekiliýeti Astanada geçirilen Digital Bridge 2023 atly halkara foruma gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Astanada geçirilen Digital Bridge 2023 atly halkara foruma gatnaşdy

12-13-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Sanly ulgamy, emeli aňy köp ugurda köpçülikleýin ösdürmek hem-de durmuşa geçirmek, IT pudagynyň ylmy-tehnologiki pikirlerini we olaryň taslamalaryny pudaklara ornaşdyrmak boýunça Digital Bridge 2023 atly halkara forumy geçirildi.

Ýokary derejeli foruma 30-dan gowrak ýurduň 2000-den gowrak ygtyýarly wekilleri, 300-den gowrak IT-kompaniýalary, şol sanda Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşyp, öz çykyşynda soňky ýyllarda forumyň Merkezi Aziýada IT pudagynyň ösüşiniň soňky tendensiýalaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin iň uly meýdança öwrülendigini aýtdy.

Iki günlik forumyň çäklerinde çykyşlar hususan-da, önümçiligi we jemgyýetçilik durmuşyny sanlylaşdyrylmak arkaly tizlik, ýokary hil we amatlylyk gazanmak, ilatyň, işewürligiň, döwletiň maglumat gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, emeli aňy ösdürmek we ony köp ugurlara ornaşdyrmak, IT pudagyny ösdürmek, döwrebap pikirli IT hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurlar boýunça tejribe alyşmak we köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine bagyşlandy.

Forumda gurnalan 200-den gowrak sergi zolagynda hem-de IT mekdepleriň sergisinde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ykdysadyýetden başlap hyzmatlar ulgamyna çenli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň tiz, amatly we döwrebap usullary öwrenildi.

Ýene degişli makalalar

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
Türkmen tennisçi gyzlar Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular
Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazandylar
Тürkmen toparlary 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýanyň saýlama ýaryşyna ýeňiş bilen başladylar
Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy
Türkmenistan Thales Alenia Space kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenaragatnaşyk bilen BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm resminama gol çekildi