Türkmenaragatnaşyk bilen BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm resminama gol çekildi

Türkmenaragatnaşyk bilen BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm resminama gol çekildi

27-nji fewralda Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda Taslama resminamasyna gol çekildi. Bu barada Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan habar berildi.

Gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurtda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler kämilleşdiriler. Munuň bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

“Muroosystems Corporation” kompaniýasy Türkmenistan bilen bilelikde maglumat merkezlerini döretmekçi
Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy
Türkmenistan Thales Alenia Space kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
Halkara ulag maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenpoçta kompaniýasynyň soňky gazananlary bilen tanyşdylar
Türkmen wekiliýeti Astanada geçirilen Digital Bridge 2023 atly halkara foruma gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Digital Bridge 2023 halkara forumynyň dowamynda gazak kompaniýalary bilen duşuşdy