Türkmen wekiliýeti Digital Bridge 2023 halkara forumynyň dowamynda gazak kompaniýalary bilen duşuşdy

Türkmen wekiliýeti Digital Bridge 2023 halkara forumynyň dowamynda gazak kompaniýalary bilen duşuşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde ýokary derejeli Digital Bridge 2023 atly halkara forumyna gatnaşdy. Bu forum dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 20 000-den gowrak ygtyýarly wekili bir ýere jemledi.

Olaryň hatarynda TikTok kompaniýasynyň baş direktory Şou Çu, Digital Nomads jemgyýetini esaslandyryjy Aset Abdualiýew, ICPC gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Uilýam Pauçer, SpaceX-iň Starlink boýunça wise-prezidenti Loren Dreýer ýaly dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bar.

Forumyň çäginde tegelek stollaryň we duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň dowamynda ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmegi üçin IT hünärmenleriň täze pikirlerini ähli pudaklara üstünlikli ornaşdyrmak, geljegi uly innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäginde Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň hem-de Türkmentelekom EAK-nyň başlygy Hojanyýaz Awganowyň Gazagystan Respublikasynyň Innowasiýa, aerokosmiki we sanly ulgamy ösdürmek boýunça ministri Musin Batyrbekulyň we Kazahtelekom PJ-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda sanly ulgamy kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler we halkara ulgamlara birigýän üstaşyr aragatnaşyk geçirijileriň sebitara bähbitleri hem-de mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de, taraplar agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Tennis boýunça Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri belli boldy
Türkmenistan Thales Alenia Space kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenaragatnaşyk bilen BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda möhüm resminama gol çekildi