Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde halkara maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde halkara maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 29-30-njy sentýabrda Täjigistanyň paýtagtynda geçirilýän “Duşenbe-inwest 2023” atly halkara maýa goýum forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berdi.

“Ховар” habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, forumda “Duşenbe şäheriniň maýa goýum mümkinçilikleri”, “Senagat ykdysady ösüşiň esasy şerti we maýa goýum üçin amatly binýat”, “Täjigistan “ýaşyl” energiýa ýurdy”, “Energetika pudagyny ösdürmäge hususy düzümiň gatnaşmagy”, “Telekeçiligi ösdürmekde we maýa goýumlary çekmekde maliýe ulgamynyň orny”, “Täjigistan Respublikasynda “ýaşyl” ykdysadyýeti, sanly ulgamy we erkin ykdysady zolaklary ösdürmek” atly temalara üns berler.

Duşenbe şäherinde geçirilýän halkara maýa goýum forumyna Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin, Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýew, şeýle hem beýleki döwletlerden ýokary derejeli myhmanlar, Täjigistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Forumyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar 3 topara bölünip, Duşenbe, Nurek we Tursunzade şäherlerindäki senagat kärhanalaryna aýlanarlar we ol ýerlerdäki işler bilen ýakyndan tanyş bolarlar.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady
Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2023: Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 13% ýokarlandy
Röwşen aýakgaplary güýz-gyş möwsümi üçin aýakgaplaryň täze toplumyny hödürleýär
Merkezi Aziýanyň ulag ministrleriniň 2-nji duşuşygy geçirildi