Türkmen wekiliýeti "GREEN EXPO 2027 Yokohama" sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti "GREEN EXPO 2027 Yokohama" sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 29-njy iýun 1-nji iýul aralygynda Ýaponiýada gulluk iş saparynda bolup, 2027-nji ýylyň 19-njy marty 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçiriljek "GREEN EXPO 2027" halkara bagbançylyk sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti milli pawilýony guramak we dolandyrmak, logistika, Türkmenistanyň milli gününi guramak hem-de sergä gatnaşmak bilen bagly beýleki guramaçylyk meseleleri boýunça geçirilen umumy we panel sessiýalara, duşuşyklara hem-de tanyşdyryş çärelerine gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji wise-prezidenti T.Suzuki hem-de "GREEN EXPO 2027" halkara bagbançylyk sergisiniň assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary K.Haçiýama bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklarda türkmen-ýapon işewür hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek, 2027-nji ýylda Tokio şäherinde kiçi we orta telekeçileriň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler forumyny guramak hem-de Türkmenistanyň "GREEN EXPO 2027 Yokohama" halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmagy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti GREEN EXPO 2027 Yokohama halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy
Üç ýurt EKPO-2030 geçirmäge taýyn
Üç ýurt EXPO-2030 sergisini geçirmäge taýyn
25 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebiti we gazy atly XXVIII halkara maslahat geçiriler
Aşgabatda EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
EXPO-2025 Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär