Türkmenistanyň wekiliýeti GREEN EXPO 2027 Yokohama halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29-njy iýuny1-nji iýuly aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyMergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa gulluk iş saparyny amala aşyrdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Saparyň maksady 2027-nji ýylyň 19-njy marty 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçiriljek GREEN EXPO 2027 halkara bagbançylyk sergisine taýýarlyk görmek maksady bilen guralan halkara gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat boldy.

Halkara gatnaşyjylaryň duşuşygynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti sergä gatnaşmak, milli pawilýony guramak we dolandyrmak, logistika, Türkmenistanyň milli gününi guramak hem-de beýleki guramaçylyk meseleler boýunça geçirilen umumy we panel sessiýalara, duşuşyklara, şeýle hem tanyşdyryş saparlaryna gatnaşdy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) Ýerine ýetiriji wise-prezidenti T.Suzuki hem-de GREEN EXPO 2027 halkara bagbançylyk sergisiniň assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary K.Haçiýama bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen-ýapon işewür hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, 2027-nji ýylda Tokio şäherinde kiçi we orta telekeçileriň gatnaşmagynda Türkmen-ýapon işewürler forumyny guramak, hem-de ýurdumyzyň GREEN EXPO 2027 halkara bagbançylyk sergisine gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti "GREEN EXPO 2027 Yokohama" sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy
Üç ýurt EKPO-2030 geçirmäge taýyn
Üç ýurt EXPO-2030 sergisini geçirmäge taýyn
25 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebiti we gazy atly XXVIII halkara maslahat geçiriler
Aşgabatda EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy