Türkmen wekiliýeti Katarda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti Katarda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti 16-17-nji oktýabr aralygynda Katar Döwletinde saparda boldy. Saparyň çäklerinde syýasy diplomatik, söwda-ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryna we energetika pudagyna degişli birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Saparyň dowamynda Berdinyýaz Mätiýew Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň we maýa goýumlary we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Şeýle hem duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Katar Ösüş Bankynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşyp, onuň dowamynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar maliýe we bank ulgamlarynda aragatnaşyklaryň ilerledilmegi bilen bagly meselelere seretdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Katar Döwletiniň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky energetika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça pikir alyşdylar we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maýa goýum taslamalary boýunça meseleleri maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Katar söwda we maliýe gatnaşyklaryny ösdürýär
Änew türki dünýäsiniň 2024-nji ýyldaky medeni paýtagty diýlip yglan edildi, Türkmenistanyň Prezidenti noýabr aýynda BAE-ne sapar bilen barar, Türkmenistanda ýük ulaglary üçin 10 sany goýberiş nokady açylar
Türkmenistanyň Prezidenti noýabrda sapar bilen BAE-ne barar
Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Türkmenistanda otlularyň hereketiniň täze meýilnamasy hödürlendi, aprel aýynda ýurtda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler, SpaceX-iň we Alibaba-nyň wekiliýetleri Aşgabada gelerler we beýleki habarlar
Türkmen banky bilen Saud ösüş gaznasy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny maslahatlaşdy