Türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek Owganystan boýunça Moskwa formatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar

Türkmen wekiliýeti Kazanda geçiriljek Owganystan boýunça Moskwa formatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar

Türkmen wekiliýeti 29-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek Owganystan boýunça Moskwa formatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Bu barada TASS habar berýär.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň aýtmagyna görä, Owganystan boýunça Moskwa formatynyň Kazanda geçiriljek mejlisine Türkmenistanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de Owganystanyň ýörite wekilleri we ýokary wezipeli adamlary gatnaşarlar.

Mejlisiň dowamynda taraplar Owganystandaky häzirki ýagdaý, bu ýurtda we onuň töwereginde ykdysady ösüşiň geljegi, Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formaty we beýleki täsirli mehanizmler arkaly owganara milli barlyşyga ýardam etmek, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy güýçlendirmek boýunça sebitleýin tagallalary utgaşdyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjy taraplaryň bilelikdäki beýannamasy kabul ediler.

Ýeri gelende bellesek, Owganystan boýunça Moskwa formaty Türkmenistany, Russiýany, Hytaýy, Pakistany, Eýrany, Hindistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany öz içine alýar. Onuň ozalky mejlisi 2022-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Russiýa Ermenistandaky ilçisini geňeşmeler üçin yzyna çagyrdy
Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Özbek mekdebinde dörän dil hadysasy Moskwa bilen güýçli çekeleşik döretdi