TÜRKMEN WEKILIÝETI ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MERJENI XV DAŞKENT KINOFESTIWALYNA GATNAŞÝAR

TÜRKMEN WEKILIÝETI ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MERJENI XV DAŞKENT KINOFESTIWALYNA GATNAŞÝAR

Häzirki günlerde Özbegistan Respublikasynda Ýüpek ýolunyň merjeni XV Daşkent kinofestiwaly dowam edýär.

Ýakynda Daşkent Halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Kino baýramçylygynyň gyzyl haly düşelen ýodajygyndan özbek we dünýä kinosynyň tanymal ýyldyzlary ýöräp geçdi.

Olar 52 ýurtdan gelen 300-e golaý aktýorlardyr aktrisalar, prodýuserler hem-de režissýorlar, kino sungatyny öwrenijiler we kino tankytçylarydyr. Myhmanlaryň arasynda meşhur türkmen režissýorlary hem bar.

Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň başlygynyň döredijilik işleri boýunça orunbasary, kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň Özbegistan Respublikasynda geçirilýän Ýüpek ýolunyň merjeni XV Daşkent kinofestiwalynda çeper film ugry boýunça eminlik edýändigini aýratyn bellemek gerek.

Daşkent halkara film festiwaly 1968-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň gatnaşmagynda her ýylda geçirildi. 2021-nji ýylda bolsa, şol däbi dowam etdirmek maksady bilen Ýüpek ýolunyň merjeni ady bilen gaýtadan ýola goýuldy. Festiwalyň ýeňijilerine şahadatnama, heýkel we pul baýragy gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen filmleri XV Halkara Ýüpek ýolunyň merjen dänesi film festiwalyna gatnaşdyrylar
Türkmen kinorežissýory TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Iň gowy restoranlarynyň sanawyny düzüldi
Täze global maliýe şertnamasy boýunça sammit