Türkmen wise-premýeri Türkmentel-2023-iň çäginde nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmen wise-premýeri Türkmentel-2023-iň çäginde nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa radio ýygylyklaryny dolandyrmak üçin çap enjamlaryny we programma üpjünçiligini öndürmekde ýöriteleşen nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Hususan-da, wise-premýer Aşgabatda Türkmentel-2023 halkara forumynyň çäginde Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH kompaniýasynyň direktory Gerhard Fişer we LS Telecom Ag kärhanasynyň başlygy Georg Şöne bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň netijesinde taraplar telekommunikasiýa pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we hyzmatlaryň hem-de önümleriň hilini ýokarlandyrmakda tejribe alyşmak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde hem Işiň belli ugurlarynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi.

Türkmentel-2023 halkara sergisiniň we maslahatynyň çäginde aragatnaşyk pudagyndaky türkmen edaralarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, jemi 74 sany duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä kompaniýalary “Türkmentel2025” sergisinde ulag, aragatnaşyk, sanly tehnologiýalaryny tanyşdyrdylar
“Ozon” Türkmenistanda satuwlary ýola goýmak boýunça gepleşikleri geçirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa daşary ýurt kompaniýalaryň direktorlary bilen duşuşdy
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Türkmen döwlet neşirýat gullugy “Heidelberger Druckmaschinen” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler