Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa daşary ýurt kompaniýalaryň direktorlary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa daşary ýurt kompaniýalaryň direktorlary bilen duşuşdy

Aşgabatda geçirilýän telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we teleradio enjamlary pudagyna bagyşlanan Türkmentel-2023 atly XVI Halkara sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa bilen Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH nemes kompaniýasynyň direktory Gerhard Fişer we LS Telecom Ag (Germaniýa) kompaniýasynyň direktory Georg Şöne bilen özara duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda telekommunikasiýa pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak we aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işiň belli ugurlary boýunça ylalaşyklar hem gazanyldy we degişli şertnamalara gol çekildi.

Bu forumyň çäginde türkmen wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen 70-den gowrak duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wise-premýeri Türkmentel-2023-iň çäginde nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Dünýä kompaniýalary “Türkmentel2025” sergisinde ulag, aragatnaşyk, sanly tehnologiýalaryny tanyşdyrdylar
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Türkmen döwlet neşirýat gullugy “Heidelberger Druckmaschinen” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
“SpaceX”, “Huawei”, “Samsung” we “Amazon” kompaniýalarynyň wekilleri Aşgabatda jemlenerler
“Ozon” Türkmenistanda satuwlary ýola goýmak boýunça gepleşikleri geçirýär