TÜRKMEN-ÝAPON GATNAŞYKLARYNYŇ BELENT DEREJESI

Şu ýylyň 21-23-nji oktýabry aralygynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran iş sapary üstünliklere beslendi.Uly wakalara baý bolan bu saparyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklar toplumy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösüşine täze itergi berer.Milli Liderimiziň Günüň dogýan ýurduna şu gezekki sapary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny görkezýän taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň we strategik häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.Hormatly Prezidentimiziň bu saparynyň ylym-bilim ulgamynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bagyşlanan dabara bilen başlanmagy örän uly ähmiýete eýe boldy. “Chinzanso Tokyo” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimize Hirosaki uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen ady dakmak dabarasy boldy.

Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysy Kei Sato dabara gatnaşýan myhmanlaryň öňünde çykyş edip, ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşiniň döwlet Baştutanymyza türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy hem-de ylmy we bilimi ösdürmek üçin alyp barýan işi üçin Hirosaki uniwersitetiniň “Hormatly doktory” adyny dakmak hakyndaky çözgüdi yglan etdi.

Uniwersitetiň ýolbaşçysy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize degişli diplomy gowşurdy.Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň esasy ylym-bilim merkeziniň işgärlerine Hirosaki uniwersitetiniň “Hormatly doktory” diýen ýokary adyň dakylmagy mynasybetli tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, “Men muny Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazanan üstünlikleriniň ykrarnamasy, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň halklarynyň dostlugynyň hem-de barha berkeýän gatnaşyklarynyň alamaty hökmünde kabul edýärin” diýip belledi.Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda döwletiň ösüşinde bilimiň we ylmyň orny hemişe uly ähmiýete eýe bolupdy we şeýle bolmagynda galýar diýmek bilen, ýurdumyzda ylym-bilim pudagynyň kämilleşdirilmegi hem-de bu ugurda ýola goýlan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy barada belläp geçdi.Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şol ýerde Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.

Mähirli ýagdaýa beslenen bu duşuşyk milli Liderimiziň türkmen ýaşlaryna ýurdumyzyň geljegine uly umyt baglaýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.Milli Liderimiz talyplara “Türkmen alabaýy” atly kitabyny ýadygärlik sowgat berip, onda okyjynyň türkmen halkynyň alabaý ýaly milli buýsanjy barada köp gyzykly maglumatlary, şol sanda taryhy wakalaryň, rowaýatlaryň, arhiw maglumatlarynyň mysalynda dürli wakalary tapyp bilerler diýip belledi.

IMPERATORYŇTAGTA ÇYKMAK DABARASYHormatly Prezidentimiz Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy. Çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy.

Naruhitonyň tagta geçmegi bilen, Ýaponiýada Reýwa täze imperiýa eýýamy “sazlaşyk” ýa-da “gülläp ösýän dünýä” diýen eýýam başlanýar.Onuň ady geljekki on ýyllyklara öwüşgin çaýýar.Agşam Ýaponiýanyň Imperatorynyň tagta çykmagy mynasybetli Imperator köşgünde resmi nahar berildi.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Imperator Naruhito we onuň maşgala agzalary bilen salamlaşdy.

TÜRKMEN-ÝAPONGATNAŞYKLARYNYŇYKDYSADY UGRYMilli Liderimiziň şu gezekki saparyna gabatlanyp geçirilen bilelikdäki işewürler maslahaty hem-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň ýapon tarapynyň wekilleri bilen 21-nji oktýabrda geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklary uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz ugur edinilýändigini ýene bir gezek tassyklady.

Bu çärä Ýaponiýanyň birnäçe iri kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

23-nji oktýabrda ajaýyp taryhy künjek bolan hem-de belent mertebeli myhmanlary kabul etmäge niýetlenen “Akasaka” köşgünde hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy boldy. Ýapon Hökümetiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Tokio şäherine gelip görmek hem-de Imperator Naruhitonyň tagta geçmek dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin, şeýle hem döwletara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Şunda Günüň dogýan ýurdunyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy, Ýaponiýa Türkmenistany özüniň möhüm we jogapkärli hyzmatdaşy hasaplaýar.Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllaryň dowamynda däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, Premýer-ministr Sindzo Abe ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz nygtady we häzirki wagtda türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň strategik, durnukly we uzak möhletli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Premýer-ministr Sindzo Abe uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada pikir alyşdylar.Milli Liderimiz saparynyň jemleýji gününde Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy Tadamori Oşima bilen hem duşuşdy. Ýaponiýa Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýip, Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň däp bolan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde Chinzanso Tokyo myhmanhanasynda Ýaponiýanyň iri işewürleriniň wekilleri bilen hem duşuşdy.

Dünýäde giňden ýaýran iş ertirligi görnüşinde geçirilen duşuşyga “ITOСHU”, “Sojitz”, “Kawasaki Heavy Industries”, “Mitsubishi”, “JGС Сorporation”, “Сhiyoda Сorporation” ýaly belli korporasiýalaryň we beýleki kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň agzalary gatnaşdylar.Duşuşyga şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri käbir hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda gurluşyk, maliýe, energetika ulgamlarynyň, himiýa senagatynyň, ulag pudagynyň, suw hojalygynyň ýolbaşçylary hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.Milli Liderimiz işewürleriň her birini özi garşylady, olar pursatdan peýdalanyp, öz kompaniýalarynyň mümkinçilikleri barada gysgaça gürrüň berdiler, kompaniýalaryň her biriniň Türkmenistanda işlemek bilen hödürläp biljek hyzmatlaryny häsiýetlendirdiler.2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 12 milliard dollaryna barabar bolan maýa goýum taslamalarynyň 37-siniň hasaba alnandygyny bellän hormatly Prezidentimiz mundan beýläk-de ýapon kompaniýalary bilen dürli ugurlarda, hususan-da ýurdumyzy senagatlaşdyrmak hem-de innowasion ugurly önümçilikler döretmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belledi.Döwlet Baştutanymyz şeýle hem türkmen-ýapon taslamalaryny durmuşa geçirmäge türk kompaniýalarynyň goşandyny hem belledi, olaryň ýolbaşçylary “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak hem saparyň çäklerinde geçirilýän şu gezekki işewürlik çärelerine gatnaşdylar.Hormatly Prezidentimiz olara Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid we ammiak öndürýän kärhana, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ýaly iri desgalaryň, şeýle hem ýurdumyzda köp sanly beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, hyzmatdaşlygyň birleşdiriji ornuny aýratyn belledi.Umuman, şu duşuşyk hyzmatdaşlygymyzyň depginini berkitmäge, onuň täze ugurlaryny hem-de geljegini açmaga gönükdirilendir diýip hasaplaýaryn.

Munuň üçin bizde hemme ýagdaýlar iki döwletiň ýolbaşçylarynyň syýasy erki, serişde, tehnologiýa we maliýe mümkinçilikleri, ynanyşmak we özara düşünişmek bar diýip, milli Liderimiz nygtady.Hormatly Prezidentimiz şu gezekki saparynyň ýapon halkynyň durmuşyndaky taryhy waka bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, mümkinçilikden peýdalanyp, Onuň Alyhezreti Imperator Naruhitonyň tagta geçmegi bilen ähli ýapon dostlarymyzy hem-de hyzmatdaşlarymyzy gutlap, hemmelere berk jan saglyk we mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.Soňra çykyş eden ýapon işewürleri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň ähli mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak, ägirt uly tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna önümçilik pudaklarynyň ösüşini yzygiderli höweslendirmek bilen, Günüň dogýan ýurdunyň işewürler toparlarynyň ünsüni özüne çekýändigini bellediler.Duşuşykda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ylmy-tehnologiýa ugruna aýratyn üns berildi. Şunda gürrüň diňe bir öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýokary takykly enjamlary, iň täze elektron serişdelerini we programma ulgamlaryny satyn almak barada däl-de, bilelikdäki amaly barlaglary guramak, iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän tehnologiýa, inženerçilik işläp taýýarlamalarda ylmy taýdan goşulyşmak barada boldy.Söhbetdeşlige gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, şeýle hyzmatdaşlyk iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynyň işjeňleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirer.Şeýle hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Bu resminamalar taraplaryň anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini berkitdi.

Ýene degişli makalalar

24.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy
Ýaponiýanyň imperatory Naruhito 62 ýaşady
22.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny doglan güni bilen gutlady