Türkmen ýyldyzy kärhanasy TSSE-niň Sergi merkezinde guralýan sergide kabel-sim önümlerini hödürleýär

Türkmen ýyldyzy kärhanasy TSSE-niň Sergi merkezinde guralýan sergide kabel-sim önümlerini hödürleýär

Energetika pudagynda özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmen Ýyldyzy hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan köpugurly sergä gatnaşýar.

Türkmen Ýyldyzy alyp barýan iş ugry bilen baglylykda, elektrik geçirijilerini gurmak, podstansiýalary oturtmak we abatlamak, ýokary woltly elektrik geçirijilerini we podstansiýalary taslamalaşdyrmak, enjamlary synagdan geçirmek, rele goragyny sazlamak, elektrik maşynlaryny we transformatorlary bejermek, gurnamalary taýýarlamak, metallary tejribehana synaglaryndan geçirmek, gurluşyk-gurnama işleri ýaly hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

Bulardan başga hem, Türkmen Ýyldyzy kärhanasy binalarda we ýaşaýyş jaýlarynda elektrik energiýasynyň geçirilmeginde ulanylýan 35-den gowrak görnüşli izolirlenen gurnama kabellerini we dürli ululykdaky simleriň önümçiligini alyp barýar. Önümler Gerim haryt nyşany bilen öndürilýär.

Döwrebap tehnologiýalaryň we ýokary hilli materiallaryň ulanylmagy netijesinde Gerim kabel-sim önümleri ýokary derejede ygtybarly we uzak möhlete hyzmat etmäge ukyplydyr.Mundan başga-da, bu ýerde ähli önümler berk hil gözegçiliginden geçirilýär we halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýär.

Kärhananyň Aşgabatda we ýurduň ähli welaýatlarynda hem söwda nokatlarynyň bardygyny bellemelidiris.

Kabel önümleri bilen birlikde, Türkmen Ýyldyzy gurluşyk we elektrik gurnama işlerinde ulanylýan metal gurnamalaryny we demirbeton önümlerini öndürýär.

15 ýyl bäri üstünlikli alyp barýan işinde Türkmen Ýyldyzy kärhanasy 50-den gowrak iri hususy we döwlet kärhanalary, şeýle hem Petronas, Белгорхимпром, Rönesans, CNPC, CNLC, CPTC, SINOPEC, SinoPetroleum, Çalyk Enerji, Dragon Oil, Adipson hem-de beýlekiler ýaly halkara derejeli ägirt uly kompaniýalaryň şahamçalary bilen hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistanda köp sanly taslamalary durmuşa geçirdi.

Baý tejribä, ýokary hünärli işgärlere we häzirki zaman önümçilik potensialyna eýe bolan Türkmen Ýyldyzy kärhanasy önümçiligiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, islendik çylşyrymly meseleleri üstünlikli çözýär.

Türkmen Ýyldyzy kärhananyň ofisi şu salgyda ýerleşýär: 746134, Lebap welayaty, Sakar şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 1A jaýy. Telefon belgisi: (+993 433) 2 70 12.

Sebitleýin dilerlere habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ RAISI BILEN DUŞUŞYGY
Hytaý türkmen gaz lukmasyndan ýene uly bölegi goparmaga çalyşýar
Bagtsyzlygyň bagty