Türkmen zenany Türkiýede aşgazany kiçeltmek boýunça operasiýadan soň ýogaldy 

Türkmen zenany Türkiýede aşgazany kiçeltmek boýunça operasiýadan soň ýogaldy 

Türkiýe Türkmenistanyň raýatlarynyň diňe gazanç üçin köp barýan ýurdy bolman, eýsem lukmançylyk syýahatçylygy üçin hem meşhur. Her ýyl müňlerçe adam lukmançylyk hyzmatlary, şol sanda plastiki hirurgiýa pudagy üçin Türkiýä gidýär. Türk metbugatynyň habaryna görä, ýakynda Türkmenistanyň raýaty Stambuldaky hususy klinikalaryň birinde geçirilen kiçi operasiýanyň netijesinde öldi.

"CNN TÜRK" telekanalynyň habaryna görä, Türkmenistanyň 46 ýaşly raýaty Aýlar Korhanowa aşgazanyna botoks ornaşdyrmak boýunça edilen operasiýasynyň netijesinde botoksyň aşa ulanylandygy sebäpli ýogalypdyr. Bu waka 24-nji martda Stambulyň Tuzla etrabyndaky hususy keselhanada ýüze çykdy. Sud-lukmançylyk barlagynyň gidişinde iki lukman tussag edildi.

Şeýle hem habarda bu klinikada bejergi alýan näsaglarynyň arasynda saglyk ýagdaýyndan şikaýat edenleriň köpdügi, polisiýa ýüz tutanlaryň hem bolandygy aýdylýar. “Stambulyň Tuzla şäherinde aşgazan botoksyny etdiren näsaglaryň käbiri gözleriniň gamaşýandygyny, ýürek bulanma we ýokary gan basyşy ýaly ýagdaýlardan zeýrenýär. Bu şikaýatlar bilen hassalar prosedurany ýerine ýetiren hassahanasyna we beýleki ýakyn hassahanalara ýüz tutdular "- diýip CNN TÜRK habar berdi.

Derňewiň netijesinde 31 adamyň birmeňzeş şikaýat bilen Stambulyň we Izmiriň keselhanalaryna ýüzlenendigi anyklandy.Saglygy goraýyş ministrliginiň toparlary Stambul we Izmir keselhanalaryna baryp, gyssagly derňew geçirdiler, amal üçin ulanylýan dermanlar ele salyndy we barlagdan geçirildi.

Derňewiň netijesinde, dermanyň dozadan artyk ulanylandygy anyklandy.Derman kärhanasynyň eýesi we iki lukman tussag edildi.Lukmanlar we farmasewt boşadyldy.Emma Türkmenistanyň raýatynyň ölümi sebäpli lukmanlar ýene gaýtadan tussag edildi.

Derňew dowam edýär.Bu barada CNN TÜRK habar berýär.

Türk telekanaly "ATV Haber" pes hilli botoksyň aşgazana ornaşdyrylmagynyň netijesinde 250 hassanyň ejir çekendigini habar berdi. Maglumatda Türkmenistanyň raýatynyň pidalaryň biridigi aýdylýar.

"Soňra kesgitlenişi ýaly, bir çaganyň ejesi 43 ýaşly Aýlar Korhanowa öň beýnisine edilen uly operasiýadan soň, aşgazana botoks operasiýasy oňa gadagan edildi. Operasiýanyň yzýany onuň haly agyrlaşdy we ol reanimasiýa bölümine geçirildi, şol ýerde aradan çykdy"- diýip, "ATV Haber" telewideniýesi habar berdi.

Aşgazana botoksyň ornaşdyrylmagy onuň iýmit siňdirişini haýalladýar we aşgazanyň belli bir ýerlerine sanjym etmek usuly horlanmak üçin ulanylýar.

Türkiýedäki lukmançylyk hyzmatlary türkmen raýatlarynyň arasynda meşhur hasaplanýar. Türkiýede işleýän türkmen lukmanlarynyň sözlerine görä, soňky döwürde plastiki hirurglara ýüz tutýan türkmenistanlylaryň sany hem köpelýär. Iň meşhur hyzmatlaryň arasynda burny üýtgetmek we gözleri giňeltmek hem ulaltmak proseduralary agzalýar.

Türkiýe keselleri anyklamak we bejermek boýunça iň meşhur on dünýä ýurdunyň hataryna girýär. Her ýyl ýüzlerçe müň adam bejergi üçin Türkiýä barýar. Türkiýäniň statistika institutynyň habaryna görä, ýurda ýylda 1 million töweregi adam bejergi üçin gelýär we bu ugurdan gelýän girdeji 1 milliard dollardan geçýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Amasra ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi
Kuşadasyna 4 kruiz gämisi bilen 8 müňden gowrak syýahatçy geldi
Diňle: Türkmenistanly gaçgak Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Izmirde öldürilen dört türkmeniň DNK barlagy tamamlandy
Türkmenistanly gaçgak Stambulyň aeroportunda tussag edildi. Izmirde öldürilen dört türkmeniň DNK barlagy tamamlandy
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň  ileri tutulýan ugurlary
“Astoria Grande” Atly Kruiz Gämisi Sinop Portuna Geldi