Türkmenabadyň esport topary ilkinji gezek milli ýaryşa gatnaşar

Türkmenabadyň esport topary ilkinji gezek milli ýaryşa gatnaşar

Türkmenabat şäheriniň Rysgal Esport topary Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasy (TMSeF) tarapyndan 15 ― 20-nji awgust aralygynda geçiriljek ýaryşa gatnaşar.

Bu ýaryş, aslynda, dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrydyr. Dünýä çempionaty şu ýylyň 11 ― 16-njy dekabry aralygynda Global elektron sport federasiýasy tarapyndan Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçiriler.

Türkmenabat şäheriniň topary Dota-2 boýunça ýaryşlara gatnaşar. Toparyň düzüminde Snowa Ya lakamly Arslan Çaryýew, Zxc lakamly Muhammetnur Rozyýew, Yabam Begam lakamly Ramazan Rejebow, Blurpi lakamly Döwlet Jowmardow, Chassman lakamly Wiktor Tsoý (kapitan) hem-de Dorsey lakamly Timur Akyýew dagylar bar. Bu topar şäherde TMSeF tarapyndan hasaba alnan X Gamer kibersport klubynyň binýadynda döredildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagynyň Düzgünlerini tassyklady, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi çap edildi we beýleki habarlar
Türkmenistanly futzal eminleri AFK-nyň okuw maslahatyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Milli Göreşçiler Ukrainada 4 Medal Aldy