Türkmenistanly futzal eminleri AFK-nyň okuw maslahatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanly futzal eminleri AFK-nyň okuw maslahatyna gatnaşýarlar

Futzal boýunça FIFA derejeli emin Timur Ramazanow bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler toparynyň ýolbaşçysy, AFK-nyň gözegçi emini Wadim Baratow Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän ýokary derejeli eminleriň maslahatyna gatnaşýar. 11-nji iýulda başlanan we 15-nji iýulda tamamlanjak maslahat Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilýär.

Maslahatyň dowamynda futzal boýunça 2023 ― 2024-nji ýyllardaky käbir düzgünlerine seredilýär. Şeýle hem nazary we amaly okuwlar geçirilýär. Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň fitnes taýýarlygy hem gözden geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak Timur Ramazanow emin, Wadim Baratow bolsa gözegçi emin hökmünde CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşyna hem gatnaşar. Sebit ýaryşy 23 ― 28-nji iýul aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagynyň Düzgünlerini tassyklady, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi çap edildi we beýleki habarlar
Türkmenabadyň esport topary ilkinji gezek milli ýaryşa gatnaşar
Liwiýada Gözleg we Halas Ediş İşleri Güýçli Depginde Dowam Edýär
Lebap welaýatynda suratkeşleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Milli Göreşçiler Ukrainada 4 Medal Aldy
Matematikadan güýçliler