Türkmenabat-Farap demirýol köprüsiniň ýanynda monument gurlar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrle kabinetiniň göçme mejlisinde Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat-Farap demirýol we awtomobil köprüsiniň golaýynda ýadygärlik ýazgyly ýadygärlik dikmek baradaky karara gol çekdi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Karara laýyklykda, bu ýadygärligi buýrujy-da, şol bir wagtda onuň potratçysy-da Demirýol transporty ministrligi bolar. Proýektiň üstünde işlemek 2017-nji ýylyň noýabrynda başlanyp, ýadygärligi 2018-nji ýylyň martynda açmakçy bolýarlar.

Ýatladýarys, Türkmenabat-Farap awtomobil we demirýol köprüleri 2017-nji ýylyň martynda, Özbaegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary mahalynda açyldy.

Biraz soň Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsinden geçen daşary ýurtly raýatlardan töleg alynjakdygy yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň ulag-logistika düzümi ösdürilýär
“Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda monument gurlar
27.11.2017 | “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda monument gurlar
27.11.2017 | Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynda döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak meselesine seredildi
Türkmenabatlylar prezidenti 'ýokary derejede garşy almaga' taýýarlanýar
Türkmenabatda Amyderýa güni“ bellenildi