Türkmenabatda Amyderýa güni“ bellenildi

Türkmenistanyň AHEHG-a başlyklyk etmeginiň çäklerinde DIM-iň, oba we suw hojalygy, bilim ministrlikleriniň, Lebap welaýatynyň weTürkmenabat şäheriniň häkimlikleriniň, şeýle hem Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) guramaçylyk goldawy bilen Türkmenabat şäherinde ilkinji gezek Amyderýa güni“ geçirildi. Ekologiýa çäresini tematiki çärelere gatnaşan jemgyýetçilik guramalary, dürli ýaşdaky şäher ilaty işjeň goldadylar.

Welaýat bilim müdirligi we Türkmenabat şäher häkimligi şäheriň mekdepleriniň 3-10-njy synp okuwçylarynyň arasynda suratlar bäsleşigini geçirdiler. Çäräniň guramaçylarynyň we hatarynda Oba we suw hojalygy ministrliginiň, Demokratik partiýanyň Lebap welaýat bölüminiň, welaýat muzeýiniň we çagalar çeperçilik mekdebiniň wekilleri bolan emin agzalarynyň aýtmagyna görä, gelip gowşan işler gaty kändi.

Gowy işleri üç tapgyrda saýlamaly boldy.Netijede iň gowylar diýlip 46 surat saýlanyldy, olaryň hersi ýeňijilige mynasypdy. Çagalaryň işlerinde Amyderýa zähmetkeş we durmuş çeşmesi bolan derýa gökmünde şekillendirilipdir. Ýaş we tematiki toparlara laýyklykda birinji, ikinji we üçünji orunlaryň sekizisi, şeýle hem höweslendiriji baýraklaryň 22-si bellenildi.

Kiçijik nakgaşlara surat çekmek üçin zerur zatlar bolan arkadan asylýan bukjalar, ululara- planşetler, döwrebap öýjükli telefonlar we sagat-smarfonlar gowşuryldy.

Bäsleşik okuwçylaryň halaýan ýeri bolan welaýat kitaphanasynda geçirildi. Olar üçin bu ýerde multfilmlere tomaşa etmek üçin tomaşaçy zally, çagalar edebiýatlary goýlan tekjeli, şeýle hem elektron gajetli we multimediýa enjamly ýörüte zolak göz öňünde tutulypdyr. Çagalar boş wagtlaryny höwes bilenş u ýerde geçirýärler: sapaklaryna taýynlanyp, deň-duşlary bilen söhbetdeş bolýarlar.

Umumy bilim berýän 39-njy orta mekdepde ýedinji synp okuwçylary üçin Amyderýa gününe bagyşlanyp geografiýadan açyk sapak geçildi, munuň üçin tematiki wideotanyşdyrylyş taýýarlanyldy. Okuwçylar Amyderýanyň akymynyň suw ulgamy, Türkmenistanyň ulydyr kiçi derýalary we suw howdanlary barada düşünjeleri babatda gyzykly wiktorina gatnaşdylar.

Amyderýa ýöne ýerden däli derýa diýilmeýär, çünki ol ugruny üýtgedip durýar- kenarlarynydyr içinde ada bolup giden ýerleri syryp äkidýär, jeňňelleriň arasyndan gol salýar,dolup-daşýar we aýlaglary, täze adalary-da kemala getirýär.

Tebigat derýanyň täze akymyna uýgunlaşýar, onuň golunyň töwereginde täze jeňňeller peýda bolýar.Gury ýer bilen suwuň gapma-garşylygyna, suwuň derejesiniň möwsümleýin üýtgemegine bakyp, adam gyňyr derýanyň kenarynda jeňňellik döredip, tebigata deňagramlylyk gazanmaga ýardam etjek bolýar.

Amyderýa güni mynasybetli Türkmenabat-Farap“ gara we demir ýol köprüleriniň arasynda höwesekleriň gatnaşmagynda agaç nahallary oturdyldy.

Ekmek üçin arça, tuýa, kerkaw, dagdan nahallarynyň dokuz ýüze golaýyny beren Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň Tokaý hojalygy müdirýeitniň welaýat bölüminde : Merkezi Aziýanyň gadymy döwürlerden galan tokaýlary bolan Amyderýa tugaýlarynyň saklanylyp galynmagyna goşandyň belli bahasy ýok“ diýip bellediler.

GFR-nyň Türkmenistandaky Ilçisiniň orunbasary, diplomatik edaranyň birinji sekretary Elizabet Fransyň belleýşi ýaly, bu tebigaty goraýyş çäresi—ekologiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrydyr. AHEHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili Arslan Rejebow şeýle çäreleriň Helsinki Suw konwensiýasynyň, BMG-nyň serhetüsti suw akymlaryny ulanmak boýunça ÝeEK-iň Konwensiýasynyň ruhuna laýyk gelýändigini, ilatyň derýa ulgamlaryny saklap galmak meselelerinde habardarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýänlgini nygtady.

Amyderýa- dostluk we hyzmatdaşlyk derýasy“ atly maslahata suw ugrundan işleýän alymlar, AST-nyň, halkara ekologiýa guramalarynyň, talyp ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Amyderýanyň dürli ýerleriniň ekologiýa, gidrogeografik aýratynlyklary we şol zolaklarda amala aşyrylýan tebigaty goraýyş çärelri barada çykyşlar boldy.

GIZ Germaniýanyň DIM-niň Berlin başlangyjynyň çäklerinde 2009-njy ýyldan bäri Merkezi Aziýada serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak“ maksatnamasyny durmuşa geçirýär“—diýip, guramanyň sebit direktory Karolina Milow belledi. Maksatnamanyň çäreleri, hususan-da, AHEHG ugrundan sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, derýalary basseýn usulda toplumlaýyn dolandyrmagy ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu çärä gatnaşmagymyzyň maksady- Amyderýanyň boýunda oturan türkmen, özbek, täjik halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam etmekdir“.

BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň wekili Amangül Öwezberdiýewa energiýa tygşytlylygy, suwy tygşytlamak, ýerden rejeli peýdalanmak babatdaky Türkmenistanda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir- diýdi. Şu jähtden suwdan rejeli peýdalanmak howanyň üýtgemegi şertlerine uýgunlaşma çäreleriniň möhüm bölegidir.

Maslahata gatnaşanlar we onuň myhmanlary Amyderýanyň kenaryna, welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler. Türkmenabadyň Medeniýet öýünde bolsa, şäheriň Medeniýet müdirliginiň aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşy boldy.

Lebaplylaryň durmuşy we işi asyrlarboýy gözbaşyny Hindiguş we Pamir dag ulgamlaryndan alyp gaýdyp, sebitiň Garagum we Gyzylgum ýaly äpet çölünden geçýän ägirt uly derýa ulgamynyň bir bölegi bolan Amyderýa bilen baglanşyklydyr. Indi derýa birnäçe ýurduň energetikasynyň, oba hojalygynyň, senagatynyň ösüşiniň esasyna öwrüldi, şol sebäplem onuň bioulgamyna aýawly garamaly.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşar
Türkmenistan dünýädäki suw meselesini çözmegiň üç ýörelgesini beýan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
AHHG-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat iýun aýynda Duşanbede geçiriler