Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşar

2023-nji ýylyň 5 — 7-nji iýuny aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa: Güýçli sebit institutynyň kömegi bilen durnukly geljege tarap atly halkara maslahat geçiriler. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu maslahata Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Gaznanyň degişli resmi saýtynda habar berilmegine görä, maslahat AHHG-niň Merkezi Aziýada suw we daşky gurşaw hyzmatdaşlygy üçin özboluşly meýdança hökmündäki ornuny açyp görkezmek, häzirki wagta çenli gazanylan üstünlikler barada pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň ugurlary barada düşünje bermek we öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýär.

Maslahat Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de degişli halkara guramalaryň bilelikde goldaw bermeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralýar. Oňa AHHG-niň esaslandyryjy döwletlerinden we beýleki sebitlerden döwlet edaralaryna, halkara guramalara, maliýe guramalaryna, ylym pudagyna, raýat jemgyýetine we beýleki gyzyklanýan taraplara wekilçilik edýän ýokary derejeli işgärleriň, syýasatçylaryň, bilermenleriň, alymlaryň telekeçileriň we öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Şu gün Bakuwda SPEKA-nyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sammit öz işine başlaýar
Albaniýanyň ýygyndysy EURO 2024-e adyny ýazdyrdy
Türkmenistanda ählihalk bag etmek dabarasy geçirildi, Aşgabatda BAE-niň Baýdagynyň güni mynasybetli dabara geçirildi, türkmen boksçylary ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkiýä bardy, Aşgabatda hünärmenler dünýä energetikasynda Türkmenistanyň orny barada pikir alyşdylar, Astrahan oblasty Türkmenistan bilen gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýyn we beýleki habarlar
Türkmenistanly talyplar Duşanbede geçiriljek Central Asian Spelling Bee bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Iňlisçe sözleri harplap aýtmak bäsleşigi geçirildi