Türkmenistanda ählihalk bag etmek dabarasy geçirildi, Aşgabatda BAE-niň Baýdagynyň güni mynasybetli dabara geçirildi, türkmen boksçylary ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda ählihalk bag etmek dabarasy geçirildi, Aşgabatda BAE-niň Baýdagynyň güni mynasybetli dabara geçirildi, türkmen boksçylary ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda 7 medal gazandylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Onuň çäklerinde diňe bir günüň içinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň 472 müň 71 düýbi ekildi. Oturdylýan bag nahallary Türkmenistanda tokaý zolaklarynyň emele gelmegini şertlendirmek maksady bilen, ýurduň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp saýlanyp alyndy.

2. Her ýyl 3-nji noýabrda bellenilýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Baýdagynyň gününi bellemegiň çäklerinde, BAE-niň Aşgabatdaky ilçihanasynda dabaraly çäre geçirildi. Bu çärä BAE-niň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

3. Koreýanyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Koreýanyň ONDO aýdym-saz toparynyň konserti geçirildi. Konserte köp sanly tomaşaçylar gatnaşdylar.

4.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Astana bolan şäherinde geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň we Gazagystanyň Mangistau oblastynyň serhedinde serhetýaka söwda merkezini döretmek meselesini öwrenmäge girişmegi teklip etdi.

Bu başlangyç iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we özara haryt dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmäge gönükdirilen teklipleriň çäginde öňe sürüldi.

5.Türkmenistanly alymlar görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri hem-de döredijiligi hakynda täze taryhy maglumatlary gözleýärler.Gözleg işleri türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegine görülýän taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýar.

Noýabr aýynda alymlar topary Täjigistana iş sapary amala aşyrarlar. 5 25-nji noýabr aralygynda olar Duşanbe şäherindäki Abulkasym Firdöwsi adyndaky Milli kitaphananyň gorlaryny öwrenerler.Bu Täjigistanyň esasy kitap gaznasy bolmak bilen, onda gündogar golýazmalarynyň özboluşly ýygyndysy saklanýar.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 3-nji noýabrda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda Permana gol çekdi. Resminama gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklarynyň işgärleriniň zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen gol çekildi.

Dünýäde

7. 15-nji Halkara feýerwerk festiwaly Hytaýyň pirotehniki paýtagty hökmünde tanalýan Lýuýan şäherinde geçirildi. Bu ýerde 1400 ýyl bäri feýerwerk öndürilýär. Her ýyl festiwala dürli öwüşginli şüweleňe tomaşa etmek üçin dünýäniň dürli künjeklerinden millionlarça syýahatçy gelýär. Däp bolşy ýaly, festiwala dürli ýurtlardan toparlar gatnaşdy. Bu ýyl ýaryşyň ýeňijisi Hytaýyň topary boldy, ikinji ýeri Germaniýa eýeledi.

8. Geçen dynç güni halk ertekisi esasynda döredilen Çüýbalygyň emri bilen atly rus filmi Russiýa Federasiýasynda we GDA ýurtlarynda kassa ýygymynda ýene-de birinji orny eýeledi. Ikinji dynç güni film kassa ýygymynda 615 million rubl ýygnady. Ikinji orny Hiç ýerden gelen adam atly rus fantastiki trilleri, üçünji orny Freddi bilen bäş gije atly gorky filmi eýeledi.

Sport habarlary

9. Türkmenistanyň boks boýunça erkekler ýygyndysy Astanada geçirilen ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda ýedi medal bir altyn, üç kümüş we üç bürünç medal gazandylar. 23 ýurtdan jemi 200 töweregi ýaş türgen 13 agram derejesinde çempionlyk baýraklary ugrunda bäsleşdiler. Daýanç Durdynepesow 63 kilograma çenli agram derejesinde türkmen toparyna altyn medal getirdi.

10. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) metbugat gullugy Ýokary liganyň 2023-nji möwsüminiň 21-nji tapgyrynyň oýunlaryna bellenen eminler toparyny mälim etdi. Ýaryşyň merkezi oýnuny, ýagny Nebiçi Arkadag duşuşygyna daşoguzly Alibek Sapaýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik eder. Merw bilen Ahalyň arasyndaky duşuşygyň toparlaryň Aziýanyň klub ýaryşlaryna gatnaşýandyklary sebäpli ätiýaçlyk senesine yza süýşürilendigini bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýada Gelen Sil Sebäpli 67 Adam Ýogaldy
Russiýanyň Guran Soňky Hüjüminde 1 Adam Ýogaldy
Hytaýda Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany 33 Adama Ýetdi
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Bangladeşde bolan gämi heläkçiliginde 7 adam ýogaldy