Türkmenabatda bag ekişine taýýarlygyň çäginde köpçülikleýin ýowar geçirilýär

Türkmenabatda bag ekişine taýýarlygyň çäginde köpçülikleýin ýowar geçirilýär

Türkmenistanda 4-nji noýabrda güýzki ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimiýetleri bu çäre üçin taýýarlyklara şu hepdäniň duşenbe gününden başlap, munuň bilen baglylykda köpçülikleýin ýowar geçirýärler. Bu ýagdaýlar barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýazky ählihalk bag ekmek çäresinde ekilen bag nahallarynyň gurap galandygyny, käbirleriniň goparylyp, başga meýdançalara ekilendigini hem aýdýar.

“30-njy oktýabrdan bäri elleri sübseli işçiler şäheriň merkezi köçeleriniň ugrundaky döwlet edara-kärhanalarynyň öňlerini, ýollary süpürip, arassaçylyk işlerini geçirýärler” diýip, habarçymyz 2-nji noýabrda aýtdy.

Şeýle ýowarlar Türkmenabadyň orta hünärment mekdepleriniň okuw binalarynyň çäginde hem geçirilýär. Bu ýowarlara köpçülikleýin gatnaşýan talyp ýaşlary giň gerimli arassaçylyk işlerini berjaý edýärler.

“Oglan talyp ýaşlarynyň bag ekmek işlerine çekilýändigini görmek bolýar. Elleri sübseli talyp gyzlar tehnikum binasynyň daş-töweregini, ýodajyklaryny süpürýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Edara-kärhanalaryň we hünär mekdepleriniň çägindäki ýowarlaryň käbirleri metbugat işgärleri tarapyndan wideo düşürilip, döwlet telewideniýesi üçin öňünden reportažlar hem taýýarlanýar.

Bu çäreler, prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli resmilere ýurtda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ministrler Kabinetiniň 30-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde ýurduň Milli tokaý maksatnamasynyň çäginde şäherleriň we obalaryň töwereginde bagly meýdanlaryň artdyrmak, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny baýlaşdyrmak maksadyndan ugur alýandygy habar berildi.

Türkmenistanda ýylda iki gezek bahar we güýz aýlarynda geçirilýän bu çärä jemgyýetçilik guramalary, býujet işgärleri we talyplar gatnaşdyrylýar. “Ekologiýa abadançylygyna gönükdirilendigi” aýdylýan bu çäräniň dowamynda her ýyl millionlarça düýp bag nahalynyň ekilendigi aýdylýar.

Emma habarçylarymyz bu dabaralaryň diňe göz üçin, hasabat berip, telewideniýede görkezmek üçin geçirilýändigini aýdýarlar we ozalky ýyllarda ekilen agaçlaryň köpüsiniň idegsizlikden gurandygyny ýa-da gurluşyk sebäpli häkimiýetler tarapyndan ýok edilendigini aýdyp gelýärler.

Lebapdaky habarçymyz şu ýylyň bahar paslynda geçirilen ählihalk bag ekmek çäresinde ekilen bag nahallarynyň gurap galandygyny, käbirleriniň goparylyp, başga meýdançalara ekilendigini aýdýar.

“Mart aýynda Türkmenabadyň täze gurlan awtomenziliniň öňündäki uly meýdançada bir müň düýp bag nahaly oturdyldy.Bu dabara wideo ýazga düşürilip, türkmen TW-sinde görkezildi. Ýöne iň gyzyk ýeri... şol dabaradan 10 gün geçip-geçmänkä bu müň düýp bagy goparyp alyp, olaryň şäheriň günortasynda, täze aeroporta barýan ýoluň ugrunda gurlan köp gatly jaýlaryň öňündäki meýdançalara oturtdylar.

Bu baglaryň köpüsi gurap galdy” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary indi onlarça ýyl bäri ählihalk ýowaryny geçirip, bag nahallaryny oturtmak çäresini geçirýärler. Bu çäräniň dowamynda her ýyl azyndan 3 million düýp bag nahalynyň oturdylýandygy yglan edilýär. Emma häkimiýetler bu işiň netijeleri, şol sanda hakykatda näçesiniň düýp tutandygy, häzire çenli saklanyp galan ýa-da gurap galan agaçlaryň anyk sany barada maglumat bermeýärler.

2020-nji ýylda 25 million agajyň oturdyljagy we munuň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanjagy aýdylypdy. 2021-nji ýylda türkmen resmileri döwlet garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy sebäpli 30 million düýp agaç ekmek planyny yglan edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

DIM-niň Türkmenistany agzan ukrain TW-sini ýazgarmagy türkmen jemgyýetinde uly çekişme döretdi
Internet gözegçiligi ýene güýçlendirilýär, polisiýa 'gazanç aladasynda' - Çeşmeler
Ýaşulular gijikdirilen pensiýasyna garaşýarka döwlet TW-si maňlaýyna sylyp pul alýan raýatlary görkezýär
Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Maryda döwlet TW-si üçin wideo düşürilen nobatdaky çärede gatnaşyjylar boş sahna el çarpdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana iş sapary bilen bardy, Belarus ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda geçirilen sergide bilim hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar, türkmen medeniýet we sungat ussatlary Wenada konsert bererler we beýleki habarlar