Türkmenabatda bir kilogram birinji sort ýeli unuň döwlet bahasy 3,5 manat hökmünde bellendi

Türkmenabatda bir kilogram birinji sort ýeli unuň döwlet bahasy 3,5 manat hökmünde bellendi

Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda 1-nji sort ýerli unuň 1 kilogramynyň döwlet bahasy 3,5 manat hökmünde kesgitlendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Öňler ýerli unuň bir kilogramynyň bahasy bir manat bolan döwürlerinde döwlet dükanlarynda un tapdyrmaýardy. Häzir 1-nji sort ýerli unuň döwlet bahasy 3,5 manat hökmünde kesgitlendi. Dükanlarda un bolady” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Golaýda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, 2,5 esse töweregi ýokarlandyrylmagynyň yz ýany, döwlet dükanlarynda ýerli unuň bahasy gaýtadan kesgitlendi.

Bahalar boýunça soňky üýtgetmeleriň edil yz ýany, 12-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 1 kilogram ýerli unuň döwlet bahasynyň 3,5 manat hökmünde bellenendigini habar berdi.

Şondan iki gün soňra, Balkandaky habarçylarymyz bu sebitde hem 50 kilogramlyk unuň döwlet bahasynyň, hiline görä, 200-225 manat aralygynda gaýtadan kesgitlenendigini habar berdi.

Unuň döwlet bahasy boýunça ýurduň dürli sebitlerinde dürli-dürli bahalar peýda boldy. Aşgabatda, Balkanda, Lebapda we Gökdepede bahalar biri-birinden tapawutlandy.

Şeýlelikde, bir kilogram ýerli unuň döwlet bahasy Aşgabatda 3,5 manat - 4 manat 20 teňňe aralygynda, Balkanda 4-4,5 manat, Lebapda deslapky maglumatlara görä 6 manat 40 teňňe, Gökdepede 2,5 manat hökmünde kesgitlendi. Unuň bahasy boýunça Türkmenabatdan gelip gowşan iň soňky maglumatlara laýyklykda, bu sebitde hem birinji sort ýerli unuň döwlet bahasy 3,5 manat hökmünde bellendi.

Gündogar welaýatyň sebit merkezindäki döwlet dükanlarynda ýerli un bäş kilogramlyk haltajyklarda satylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Türkmenistanda azyk paýlary hökmünde ilata paýlanylýan ýerli unuň bir kilogramy raýatlara bir manatdan satylýardy.

Türkmenabatly ýaşaýjylar azyk paýlary hökmünde ilata paýlanylýan unuň ýokdygyny aýdýarlar.

“Indi, paýok üçin diýlip satylýan un ýok” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Biraz öň, bu sebitde ýeňillikli azyk paýlary hökmünde ilata paýlanylýan unuň soňky üç aýdan gowrak wagt bäri üpjün edilmeýändigi mälim bolupdy.

3,5 manatdan satylýan un hil taýdan türkmenabatly çörek satyjylaryny kanagatlandyrmaýar.

“3,5 manatlyk unuň hamyry tamdyrda durmaýar. Hamyr edip, tamdyra ýapanyňda, çörek tamdyrda durmaýar” diýip, bir çörek satyjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, 1-nji sort ýerli unlar döwlet dükanlarynda agramy bäş kilogram bolan haltajyklara bölünip satylýar. Hojalyklar köplenç un satyn alanlarynda 50 kilogramlyk haltalarda satyn alýardy. Ýöne täze söwda tejribeleri un haltalarynyň hem ýuwaş-ýuwaşdan kiçelýändigini görkezýär.

Söwda tekjelerinde Gazagystanda öndürilen unlar hem alyjylara hödürlenýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu unlaryň bir kilogramynyň bahasynyň häzirki wagtda 6 manat 20 teňňeden 5 manat 50 teňňä çenli arzanlandygyny habar berýär. Bu unlar hem 5 kilogramlyk haltajyklarda satylýar.

Çörek bişirip satýan hojalyklar birinji sort ýerli unuň hili pes bolansoň, özleriniň Gazagystanda öndürilen unlardan çörek bişirip alyjylara hödürleýändiklerini aýdýarlar.

“Bir paket gazak ununyň bahasy 27,5 manat” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

19-njy fewralda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Gazagystanda öndürilen unuň bir kilogramynyň bahasynyň bazarlarda 10 manat bolandygyny habar berdi.

Plan borçnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda her ýylda 1 million 600 müň tonna çemesi bugdaý hasylynyň ýygnalýandygy habar berilýärdi. Ýöne soňky ýyllarda türkmen hökümeti ýurduň kärende ýerlerinden ýygnalýan bugdaý hasylynyň göwrümini äşgär etmeýär.

Daýhanlar ýurduň kärende ýerlerinde, döwlet bilen şertnama esasynda, bugdaý ýetişdirip, ýygnalan hasyly döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýar. Golaýda türkmen hökümeti bir tonna bugdaý üçin daýhana 2 müň manat töleg tölemegi kararlaşdyrdy, öňler 800 manat töleýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Un 250%, çörek 150% gymmatlady, dükanlaryň öňündäki nobatlar aýryldy
Marylylara üç, lebaplylara iki aý bäri paýlanmaýan un bazarlarda “aç-açan satylýar”
Aşgabatda ilat unuň ýany bilen möhleti geçen kädi powidlosyny satyn almaga mejbur edilýär
Oglum bilen towuk etiniň nobatynda, gyzym çöregiň nobatynda durýarys'. Azyk krizisi dowam edýär
'Oglum bilen towuk etiniň nobatynda, gyzym çöregiň nobatynda durýarys'. Azyk krizisi dowam edýär
Maryda tüwiniň gymmatlamagy palawyň hiline täsir ýetirdi