Türkmenabatda öňünden Nowruz çäresi geçirilip, döwlet telewideniýesine wideo ýazgy edildi

Türkmenabatda öňünden Nowruz çäresi geçirilip, döwlet telewideniýesine wideo ýazgy edildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde häkimiýetler dört-bäş gün öňünden, 17-nji martda Nowruz baýramçylygy mynasybetli köpçülik çäresini gurnap, döwlet telewideniýesine wideo ýazgy etdirdiler. Bu çärä býujet edaralarynyň işgärleri, talyp ýaşlar we ýokary klas mekdep okuwçylary gatnaşdyryldy.

“Ak öý” binasynyň öňünde 500 çemesi raýatyň gatnaşdyrylmagynda geçirilen çäre bäş sagat töweregi dowam etdi.

Gatnaşyjylaryň sözlerine görä, çäräniň 30 minutlyk bölegi döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin wideo ýazgy edildi.

“Türkmenabat şäher häkimliginiň guramaçylyk bölüminiň işgäriniň görkezmesi bilen çäräniň ýarym sagatlyk bölegi wideo ýazgy edildi. Bu dabara, belki-de, 21-nji martda döwlet telewideniýesinde görkeziler” diýip, bir býujet işgäri gürrüň berdi.

Türkmenistanda baýramçylyk günlerinde döwlet guramaçylygynda köpçülik dabarasy geçirilip, býujet işgärleri şeýle çärelere mejbury çekilýärler.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary hem 15-nji martda günorta-gündogar sebitde Nowruz çäresiniň geçirilip, býujet işgärleriniň bu çärä milli eşikde mejbury gatnaşdyrylandygyny habar berdi.

Şonda raýatlar milli lybaslaryň çykdajy talap edýändigini, umumy harajatlaryň bahasynyň 2-3 müň manada çenli baryp ýetýändigini gürrüň berdiler. Şeýle-de, gatnaşyjylar Mary welaýatynda çäräniň geçirilýän ýerine-de özbaşdak barmaly boldular.

“Türkmenabatdaky Ak öý binasynyň öňünde geçirilen aýdym-sazly çärede Nowruz baýramyna mahsus bolan semeni bişirilip görkezildi” diýip, býujet işgäri gürrüň berdi.

Türkmenistanda Halkara Nowruz güni 21-22-nji martda Milli bahar baýramy hökmünde bellenip geçilýär. Baýramçylyk günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär.

Býujet işgärleri Nowruz çäreleriniň döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin birnäçe gün öňünden wideo ýazgy edilip, ýörite dynç alyş günlerinde baýramçylyk dabaralarynyň şowhunynyň peselýändigini aýdýarlar.

“Nowruz baýramy mynasybetli bäş gün öňünden dabara geçirýärler, döwlet telewideniýesine wideo ýazgy edýärler. 21-22-nji martda adamlara dynç günleri berilýär, ýöne şol günlerde köpçülikleýin Nowruz dabaralary geçirilmeýär. Her hojalyk öz öýünde saçak bezäp, baýramçylyk belleýär” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda sebitlerde geçirilýän Nowruz dabaralarynyň uludan tutulandygyny, adamlaryň şeýle dabaralara öz islegleri bilen gatnaşandyklaryny gürrüň berýärler.

“1995-2000-nji ýyllarda her ýylyň 21-nji mart güni edaralarda gazanlar atarylyp, semeni gaýnadylardy.Türkmenabadyň seýilgählerinde aýdym-saz konsertleri bolardy.Oba ýerlerinde dürli ýaryşlar geçirilip, oba merkezlerinde gazanlar atarylyp, dürli tagamlar taýýarlanardy.

Adamlar şeýle çärelere meýletin, öz islegleri bilen gatnaşardy. Şolara Nowruz baýramçylygy diýip bolardy, häzir bäş gün öňünde döwlet telewideniýesine wideo ýazgy edip gidýärler.Döwlet edaralarynda dynç güni berilýär, bolany!” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Hususan-da, soňky ýyllarda Türkmenistanda Nowruz baýramçylygy “döwlet telewideniýesine wideo ýazgy edilýän ýasama çäreler” hökmünde ýatda galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bahar baýramçylygy mynasybetli geçirilýän “ýasama dabaralar” barada habar berýärler.

Ýerli ýaşaýjylar, şol sanda býujet işgärleri döwlet guramaçylygynda geçirilýän mejbury çäreleri özlerine ýakyn hasaplamaýandyklaryny aýdýarlar.

“Öňler oba ýerlerinde Nowruz baýramçylygy meýletin görnüşde giňden bellenip geçilerdi. Häzir şeýle baýramçylyklardan nam-nyşan galmady” diýip, lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri hususan-da soňky ýyllarda ilatyň Täze ýyl baýramçylygy ýaly giňden belleýän baýramçylyk däplerine gatyşmakda tankyt edilýär. Baýramçylyk günleri we möhüm seneler köplenç ýurt boýunça polisiýa gözegçiliginiň güýçlenmegi we sebit ýaşaýjylarynyň paýtagtdan, Türkmenbaşy ýa-da Balkanabat şäherlerinden kowulmagy ýaly çäreler bilen ýatda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Nowruz baýramy giňden bellenilýär
Milli bahar baýramy dabaraly bellenilip geçildi
Milli bahar baýramy Halkara Nowruz güni bellenildi
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy
Diňle: Lebapda Nowruz baýramy aýdym-sazsyz, ýöne güýçlendirilen gözegçilikde bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentine Tatarystanyň ilkinji Prezidentinden gutlag haty geldi