Türkmenabatda ýaşlar babatynda ÝUNFPA bilen maslahat geçirildi

Türkmenabatda ýaşlar babatynda ÝUNFPA bilen maslahat geçirildi

Lebap welaýatynda BMG-niň Maksatlaýyn gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işlere ýaşlary çekmek atly Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Bilelikdäki Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berdi.

Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we onuň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän sport mekdepleriniň wekilleri şeýle hem welaýatyň bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, polisiýa müdirlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň degişli hünärmenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň buýrugy bilen tassyklanan, Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işlere ýaşlary çekmek atly Maksatnamanyň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak boýunça Ýerli komitetiň düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň gyzyklanmalaryny we bähbitlerini öwrenmegiň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem 2021 2025-nji ýyllar üçin ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çaklerindäki Döwlet Maksatnamasyny ýerine ýetirmeklige adam howpsuzlygyny üpjün etmek bilen ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklygyny gazanmak ýaly meseleleri öz içine alýan Tegelek stol geçirildi.

Ýene degişli makalalar

SPORT SAGDYNLYGYŇ WE GÖZELLIGIŇ AK ÝOLY
Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
TÜRKMENISTANYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASY BILEN DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNY ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DIALOG PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI TEMASY BOÝUNÇA TEGELEK STOL
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Dialog parahatçylygyň kepili temasy boýunça tegelek stol geçirdi
84 ýyldan bäri şol bir ýerde işläp, rekordlar kitabyna girdi