Türkmenbaşy — Gazagystan aralygynda awtomobil ýoly gurlar

Türkmenbaşy — Gazagystan aralygynda awtomobil ýoly gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi täze, döwrebap awtomobil ýolunyň we onuň ugrundaky desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 2-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz we Balkan welaýatynda Adalat ministrliginiň adalat edaralary gurlar
Türkmenistanyň telekeçileri döwrebap söwda-dynç alyş toplumynyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrylýar
Türk Teleseriallaryna Bolan Gyzyklanma Artýar
Katmeriň desertleri Täze ýylda myhmanlaryňyzy haýran galdyrar
Milli Köşklere Bolan Gyzyklanma Artýar
Ahal ösümlik ýagyny öndürýän kärhananyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin halkara tenderi yglan edildi
Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi