Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işläp bejerýän zawodlar toplumy JetA-1 awiýasiýa ýangyjyny öndürmegi göz öňünde tutýar.
Bu Ýewropadaky kärhanalaryň öndürýän TC-1 ýangyjynyň analogy.
Kärhanalaryň bu ýangyjyň önümçiligini ýola goýmagy barada tenderiň yglan edilendigini 5-nji aprelde “Türkmenistan: altyn asyr” habar berdi.
JetA-1 ýangyjy Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň uçarlarynyň gazturbin dwigatellerinde ulanmaga niýetlen.
Bu ýangyçdan Türkmenistanyň raýat awiýasiýasynda ulanylýan TC-1 kysymly awiýasiýa kerosiniň aratapawudynyň önümçilik tehnologiýasyndadygyny neşir ýazýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işläp bejerýän zawodyň düzüminde iki zawod, nebit bazasy we ýangyç guýýan merkezler bar. 2021-nji ýylyň ilkinji iki aýynda kärhanalarda 34 müň 857 tonna uçar ýangyjy öndürildi.
Ýeri gelende ýatlasak, mart aýynda Berdimuhamedow öz orunbasarlary bilen daşary ýurt karzlaryny yzyna gaýtarmak barada maslahat geçirdi.
TDH-niň maglumatlaryna görä, soňky ýyllaryň dowamynda ýangyç energiýa toplumyna 8 milliard 800 million dollardan gowrak daşary ýurt karz serişdeleri ýatyryldy.
Olaryň 93 göterimi özleşdirilipdir.
