UEFA Çempionlar ligasynyň finaly Nýu Ýorkda oýnalmagy mümkin

Futbol oýnunyň iň abraýly bäsleşigi bolan UEFA Çempionlar Ligasynyň finaly başga yklymlarda oýnalmagy mümkin.Bu barada UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin gürrüň berýär. Çempionlar ligasynyň final oýunlary şu wagta çenli diňe Ýewropada oýnaldy.

Iňlisleriň “The Sun” gazetiniň Çeferine salgylanyp habar bermegine görä, 2025-nji ýyldaky finalyň Nýu Ýorkdaky “MetLife” stadionynda geçirilmegi mümkin. Çeferin: “Mysal üçin Portugaliýadan Azerbaýjana gitmek bilen Nýu Ýorka gitmegiň o diýen köp tapawudy ýok.

Janköýerler üçin ikisi-de mesele däl” diýip, belleýär. 2010-njy ýylda açylan 82 müň tomaşaçy orunlyk “MetLife” stadionynda NFL-iň “Nýu Ýork Jaýnts” hem-de “Nýu Ýork Jets” amerikan futboly toparlary öz duşuşyklaryny geçirýär.

Ýeri gelende aýtsak, köp wagtdan bäri milli Super Kubogy duşuşyklary mahal-mahal başga ýurtlarda oýnalýar.

The post UEFA Çempionlar ligasynyň finaly Nýu Ýorkda oýnalmagy mümkin appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Merlin Monronyň portreti XX asyryň iň gymmat sungat eseri boldy
“Drakula” romanynyň neşir edilmeginiň 125-nji ýylynda rekord goýuldy
Türkmenistanda açyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüni aradan aýryldy, Turkish Airlines Türkmenbaşydan Stambula howa gatnawyny amala aşyrar, Toyota Highlander Hybrid awtoulagynyň satuwy başlandy we beýleki habarlar
Maskyň girdejileri 17 milliard dollar azaldy
Dünýä Kubogy 2026-nyň geçiriljek şäherleri mälim edildi
“Wimbledon” tennis ýaryşyna 145 ýyl doldy
Angliýada rekord derejede yssy howa hasaba alyndy