“Drakula” romanynyň neşir edilmeginiň 125-nji ýylynda rekord goýuldy

Angliýanyň Demirgazyk Ýorkşir sebitinde müňlerçe “wampir” ýygnandy.Taryhy Witbi monastyrynyň harabalyklarynda ýygnanan 1 müň 369 wampir eşikli adam rekord goýdy.Mundan ozalky rekord 2011-nji ýylda hasaba alnyp, 1 müň 39 adam ýygnanypdy.

Bu çäre iňlis medeni we taryhy mirasyny gorap saklamak bilen meşgullanýan “English Heritage” guramasy tarapyndan guraldy. Çäre irland ýazyjysy, romançysy, gysga hekaýalaryň awtory Brem Stokeriň kenarýaka Witbi şäherinden ylham alyp ýazan meşhur “Drakula” romanynyň neşir edilmeginiň 125-nji ýylyna gabatlanyp geçirildi. Çärede gara ýapynja geýnen adamlar ýüzlerini üns çekýän reňkler bilen reňkläpdirler.

Uludan-kiçä ýüzlerçe adam Günüň batan çagy ol ýere ýygnandy.

Dürli dillere terjime edilen “Drakula” romany 1897-nji ýylda neşir edilýär.

Ýene degişli makalalar

ÝB, Göç we Terrora Garşy Göreş Ýaly Ugurlarda Türkiýe Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Etmeli
Italiýa 2-nji iýundan syýahatçylar üçin açylar
Silwester Stallone “Rocky 4”-iň režissýorlyk wersiýasynyň çykjakdygyny habar berdi
Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
Italiýada tanap ýolunda bolan heläkçilikde 14 adam ýogaldy
G7-ä agza ýurtlaryň liderleri Uelsde duşuşyk geçirmäge taýarlanýarlar