ÝB, Göç we Terrora Garşy Göreş Ýaly Ugurlarda Türkiýe Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Etmeli

ÝB, Göç we Terrora Garşy Göreş Ýaly Ugurlarda Türkiýe Bilen Ýakyndan Hyzmatdaşlyk Etmeli

Yragyň Premýer ministri Mario Dragi, Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda göç, terrora garşy göreş we Gümrük bileleleşigi ýaly ugurlaryň ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeli esasy ugurlardan biridigini aýtdy.

Dragi mart aýynyň 25-26-y aralygynda geçiriljek ÝB-niň liderler maslahatynyň öňüsyrasynda Italiýanyň maslahatda seljeriljek ugurlar hakyndaky garaýyşlary barada parlamentiň ýokary ganady Senatda çykyş etdi.

Maslahatda ÝB bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde ÝB-Türkiýe gatnaşyklarynyň geljegi we Gündogar Ortaýer deňizindäki soňky ýagdaýyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdan Dragi, ÝB Geňeşiniň daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Žozef Borrel tarapyndan 2020-njy ýylyň dekabr aýynda taýarlanan habarnamany esas aljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Italiýa 2-nji iýundan syýahatçylar üçin açylar
Silwester Stallone “Rocky 4”-iň režissýorlyk wersiýasynyň çykjakdygyny habar berdi
Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
Italiýada tanap ýolunda bolan heläkçilikde 14 adam ýogaldy
G7-ä agza ýurtlaryň liderleri Uelsde duşuşyk geçirmäge taýarlanýarlar
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar