Italiýada tanap ýolunda bolan heläkçilikde 14 adam ýogaldy

Italiýada tanap ýolunda bolan heläkçilikde 14 adam ýogaldy

Italiýanyň Milli Alp dagy we magdan gözleg we halas ediş edarasyndan berilen beýanatda, heläkçilikden soň agyr ýaraly ýagdaýda tiz kömek dikuçary bilen Torino şäherindäki hassahanada bejergi astyna alynan 9 ýaşyndaky çaganyň hem halas edilip bilinmändigi mälim edildi. Şeýlelik bilen wakada ýogalanlaryň sany 14 adama ýetdi.

Wakanyň başdan geçirilen mahaly funikulýor kabinasynyň içinde 15 adamyň bolandygy, agyr ýaralanan 5 ýaşyndaky ýene-de bir çaganyň bolsa bejergisiniň dowam edýändigi habar berildi.

Italiýanyň Prezidenti Serdžio Mattarella, Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi, ÝB Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we Ýewropa Parlamendiniň başlygy Dewid Sassoli, çap eden gynanç ýüzlenmelerinde başdan geçirilen waka çuňňur gynanç bildirýändiklerini beýan etdiler.

Madžore kölüniň kenaryndaky Stresa obasy bilen dagyň depesinde ýerleşýän Mottarone obasynyň arasyndaky tanap ýolunda düýn günortan başdan geçirilen waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.

Ýene degişli makalalar

Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
Taliban Owganystanyň täze hökümet düzümini belli etdi
“Talyban” täze hökümeti yglan etdi
“Talyban” (RF-nyň çäginde gadagan edilen gurama) täze hökümeti yglan etdi
Türkmenistan Talyban bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi
Owganystan ABŞ-dan Bank Hasaplaryny Erkine Goýbermegini Isledi