Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda wodorod öndürýän desga gurlar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda wodorod öndürýän desga gurlar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dizel fraksiýalaryny we benzinleri gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak enjamlarynyň toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada TDH salgylanyp, TASS habar berýär.

Şonuň bilen birlikde, zawodlar toplumynda nebiti gaýtadan işlemekden galan agyr galyndylary katalitik kreking usuly boýunça işleýän enjamy, şeýle hem ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglary öndürýän enjamy gurmak göz öňünde tutulýar. Bu täze tehnologik desgalar nebiti gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, çeşme belleýär.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy boýunça enjamlaryň gurluşygy tamamlanyp barýar. Toplumyň buýurmasy boýunça BAE-niň WTL FZE we ABŞ-nyň Westport Trading Europe Limited kompaniýalarynyň bilelikde amala aşyrýan taslamasynyň esasy wezipesi gudronyň we mazudyň agyr galyndylaryny gaýtadan işlemekden ybaratdyr.

Enjamlaryň işe girizilmegi nebitiň gaýtadan işlenilmeginiň derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga, şeýle hem goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-da wodorod öndürýän desga gurmak meýilleşdirilýär
TNGIZT-de haýal kokslama enjamy oturdylýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Toplumyň taryhynda täze sahypa
TNGIZT-de haýal kokslama enjamy oturdylýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy