Türkmenbaşynyň “Kenar” bazarynda ýangyn döredi

Türkmenbaşynyň “Kenar” bazarynda ýangyn döredi

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň “Kenar” bazarynda ýangyn döredi. 6-njy noýabrda bolan wakada dört dükan doly diýen ýaly ýandy, ýöne adam pidasy bolmady. Bir ýarym gün alyjylara ýapylan bazar 7-nji noýabrda günortan täzeden açyldy.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy waka şaýat bolan telekeçileriň birnäçesine salgylanyp, günüň birinji ýarymynda dörän ýangyna “elektrik enjamy bilen bagly geleňsizligiň” sebäp bolandygyny aýdýar.

“Bazaryň spirtli içgileri satylýan 2-nji dükanynda satyjy elektrik enjamda işleýän peji alkogol önümleriniň golaýynda, arak harytlaryna tarap bakdyryp goýupdyr. Şonda tekjelerdäki alkogol önümleri partlapdyr we ýangynyň döremegine sebäp bolupdyr” diýip, telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýangyn gysga wagtda golaýdaky 3, 4 we 5-nji dükanlara hem tutaşyp, olaryň doly diýen ýaly ýanmagyna we agyr zyýan çekmegine getirdi.

“Dükanlaryň içindäki harytlar doly ýandy” diýip, telekeçi belledi.

Telekeçileriň sözlerine görä, şäheriň ýangyna garşy göreş gullugy tiz wagtda wakanyň bolan ýerine geldi we uly ýangynyň öňüni aldy.

“Olara bazar satyjylary hem kömek etdiler. Satyjylar ýerli-ýerden suw we gum sepdiler. Uly betbagtçylykdan aman galdyk” diýip, türkmenbaşyly başga bir telekeçi belledi.

Telekeçiler bazara, şol sanda dükanlara ýeten zyýanyň 2-nji dükanyň telekeçisine töletdirilendigini hem aýtdylar.

“Bazar we şäher häkimliginiň resmileri ýangyn öçürilenden soň, günüň ortasynda dessine bazary ýapdylar. Olar 2-nji dükanyň telekeçisiniň hasabyna 50-den gowrak ussa getirdiler we bir ýarym günüň dowamynda abatlaýyş işlerini geçirip, hamala, ýangyn bolmadyk ýaly etdiler” diýip, telekeçi aýtdy.

Häzirki wagtda ýangyndan agyr zyýan çeken dört dükan boş dur. Habarçymyzyň maglumatyna görä, telekeçiler täze harytlary satyn almaga maliýe serişdeleriniň ýokdugyny aýdyp, telekeçilik işlerini wagtlaýyn togtatdylar.

Azatlyk ýangyn barada bazar administrasiýasyndan, şäher häkimliginden we ýangyna garşy göreş gullugyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda bolýan ýangyn hadysalary barada maglumat bermeýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler käte adam pidalaryna getirýän ýangynlar, tebigy, tehniki hadysalar we köçe-ýol, otly betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan habar berýärler.

Sentýabryň ahyrynda Daşoguzdaky habarçymyz welaýatyň Tiz kömek merkezinde ýangynyň bolandygyny we ýeten zyýan üçin işgärlerden pul toplanýandygyny aýtdy.

Awgustda Mary şäherindäki “Lälezar” bazarynda ýangynyň dörändigi, azyndan ýedi dükanyň doly diýen ot alandygy, ýöne adam pidasynyň bolmandygy mälim bolupdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň “Owadan” merkezinde ýangyn döredi
Polisiýa we ýangyn howpsuzlygy işgärleri telekeçilerden parany mäş, nohut bilen alýarlar
Marynyň ot alan “Lälezar” bazary gaýtadan açyldy, howpsuzlyk güýçlendirildi
Daşoguzyň ak keçeleri halkara festiwala gatnaşyjylary haýran galdyrýar
Lälezar Zaman HK gurluşyk üçin materiallaryň dürli görnüşlerini hödürleýär
Medeniýet hepdeliginde täze türkmen kinolary görkeziler