Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygy BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň mejlisinde çykyş etdi

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygy BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň mejlisinde çykyş etdi

Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde, Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň başlygy Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-nyň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy atly maslahatlaşmada çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

21-nji fewralda bolan çykyşda agentligiň ýolbaşçysy deňiz ulag pudagynda sanly ulgama geçmegiň esasy artykmaçlyklaryny we onuň deňiz pudagyny ösdürmekdäki ähmiýetini, şeýle hem, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň we Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi barada belläp geçdi.

Muňa mysal edip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ulanylyşa girizilýän TOS (Terminallary Dolandyryş Ulgamy) elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy bellenilip geçildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2018-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Baku portunyň arasynda awtomatiki maglumat alyş-çalşygy barada şertnama baglaşyldy.Häzirki wagtda iki portlaryň arasyndaky ulgamlary birikdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem, amatly hyzmatlary döretmek we hyzmatlaryň gowulandyrmak üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň müşderilerinden arzalary elektron görnüşde kabul etmek ulgamy girizildi.

Milli deňiz söwda flotundan ýolagçy biletlerini onlaýn satmak boýunça hem işler ýola goýuldy. Ýurtdaky deňiz ulag pudagynyň döwlet edara-kärhanalaryny birleşdirýän we utgaşdyrýan elektron resminama dolanşygy döredildi.

Alnyp barylýan strategiki çäreleriň esasynda, ýakyn wagtda Hazar we Gara deňiz portlarynyň arasynda we geljekde Ýewropanyň esasy portlary bilen maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platforma döretmek meýilleşdirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan durnukly ulag ulgamy boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edýär
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hakan Fidan Jon Bassy kabul etdi
Işewür aýal-gyzlary onlaýn okuwa gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanda Dolandyryş konsultasiýasynyň esaslary okuw kursuna tölegsiz esasda ýazylşyk başlandy
Bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi