Türkmengaz döwlet konserniniň wekilleri Özbegistanda duşuşyk geçirdiler

Türkmengaz döwlet konserniniň wekilleri Özbegistanda duşuşyk geçirdiler

Türkmengaz döwlet konserniniň wekilleri Daşkentdäki Technopark kärhanasyna baryp, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Konserniň wekilleri önümçilik prosesi, Technopark LLC-iň uzak möhletleýin meýilnamalary we işleri bilen tanyşdylar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary önümleriň hili, laboratoriýa synaglary, önümçilik liniýalarynyň ýerleşýän ýerleri barada jikme-jik maglumat berdiler.

Duşuşykda Türkmenistana akylly gaz hasaplaýjylary bilen üpjün etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş sapary wagtynda türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Elektrik Senagat Kärhanalary Assosiasiýasynyň we HududGazTa'minot nebit-gaz kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirer. Bu barada uzeltech ýazýar.

Ýene degişli makalalar

В Ашхабале состоялась Международная конференция по экологическим направлениям ТЭК страны
Günorta Koreýa iki rus işewürine garşy sanksiýa girizdi
Aşgabatda halkara ýük gatnawlarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistan Eýran üçin gümrük amallaryny ýeňilleşdirer, ýaş hünärmenler işe kabul edilende ýeňillikli girdeji salgydy belleniler, türkmen wekiliýeti Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşýar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlaglar
“Bitcoin” bankomatlaryny köpelder