Türkmenistan “Ak öý” görnüşinde ýene üç konsert zalyny gurar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy noýabrda medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin Balkan, Daşogyz we Lebap welaýtlarynda “Türkmeniň ak öýi” binalaryny gurmak baradaky karara gol çekdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, gurluşyk işler ýerli kärhanalar tarapyndan amala aşyrylar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze binagärlik toplumlary gurlanda, döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanylmalydygyna, işleriň hiline, özboluşly milli öwüşginler bilen ajaýyp derejede bezelişine, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn üns berilmegine ünsi çekdi.

Plana laýyklykda, gurluşyk işleri 2018-nji ýylyň dekabrynda başlanyp, 2021-nji ýylyň iýunynda tamamlanmaly.

Ilkinji “Ak öý” binasy 2015-nji ýylda Maryda guruldy we dünýädäki iň uly “Ak öý” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bellemek gerek, bu ak öýde prezideniň “Öňe, Öňe, Jan watan Türkmenistan, öňe” atly aýdymy bir wagtyň özünde 4 müňden gowrak adam tarapyndan ýerine ýetirilende ýene bir rekord goýuldy.

2017-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabadyň eteginde ýene bir ak öý “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” açyldy.

2017-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda döwlet baştutany Balkan, Daşoguzz we Lebap welaýatlarynyň häkimlerine ak öýleriň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK
DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz işini tamamlady
12.01.2021 | “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy