Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar

Türkmenistan awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine ýolagçy gatnawlarynyň gaýtadan başlandygyny mälim etdi. Bu barada howa gatnawçysynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Uçuşlar 17-nji noýabrdan başlar. Türkmenistan awiakompaniýasynyň uçarlary Abu-Dabi halkara howa menziline gonarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistan awiakompaniýasy 7 şähere — Kazana, Stambula, Delä, Dubaýa, Pekine, Maýn boýundaky Frankfurta we Londona halkara gatnawlary amala aşyrýar.

Awiakompaniýanyň resmi turkmenistanairlines.tm web sahypasyndan uçuşlaryň häzirki tertibini görüp we onlaýn petek satyn alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi, Türkmen howa ýollarynyň uçarlary gyşda haýsy 7 ýurda uçar we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar
Armenian Airlines Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy