Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Bangkoga uçuşlary amala aşyrar, BMGÖM-niňsebit edarasynyň müdiri iş sapary bilen Türkmenistana geler, Türkmenistanda Täze ýyl nyşanlary bolan dokma önümler çykaryldy we beýleki habarlar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Bangkoga uçuşlary amala aşyrar, BMGÖM-niňsebit edarasynyň müdiri iş sapary bilen Türkmenistana geler, Türkmenistanda Täze ýyl nyşanlary bolan dokma önümler çykaryldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy 22-nji dekabrdan Aşgabat Bangkok ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny habar berdi. Olar her anna we şenbe günlerinde amala aşyrylar. Awiapetekler Türkmenistanyň kassalarynda we Turkmenistan airlines saýtynda ýakyn wagtda satylyp başlanar.

2.BMGÖM-iň Ýewropa we GDA boýunça sebitleýin edarasynyň müdiri Iwana Žiwkowiç 10 — 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Dialog — parahatçylygyň kepili halkara forumyna gatnaşmak üçin ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen geler we forumda guramanyň adyndan çykyş eder.

Saparyň dowamynda Žiwkowiç ýokary derejeli döwlet işgärleri bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen BMGÖM-iň arasynda saglygy goraýyş, sanly özgerişler we durmuş goraglylygy pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşar.

3. Türkmenistanda Täze ýyl nyşanlary bolan dokma önümleriniň dürli görnüşleri öndürildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtyň Altyn Asyr söwda merkezinde ýadygärlik sowgatlary, düşek toplumlaryny we egin-eşikleri satyn almak mümkindir. Önümler Täze ýyl esbaplary arçanyňoýunjaklary, gar tozgalary, ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany Ýaşyl Aždarhanyň şekilleri bilen bezelipdir.

4. “Altyn Asyr öýjükli aragatnaşyk operatory täze 71-lik kody bilen abonentlik belgilerini işe girizdi.Ozal TM-CELL-iň abonentleri diňe 61, 62, 63, 64 we 65 kodlary bolan belgileri satyn alyp bilýärdiler.

Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä,täze kod ýurtda ilatyň ykjam aragatnaşyga bolanisleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen işe girizildi. 71-lik kodly telefon belgileriniň sim-kartlaryny aragatnaşyk operatorynyň ähli nokatlarynda 10 manatdan satyn alyp bolýar.

5. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Hökümetiň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň 11 aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň beren maglumatlaryna görä, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurduň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň 6,3 göterim artmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Dünýäde

6.Italiýanyň Gubbio şäherinde dünýädäki iň uly Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi.Agaç Injino dagynyň günorta eňňidinde yşyklardanybarat gurnamadyr.Täze ýyl arçasy üç futbol meýdançasynyň meýdanyny tutýar we beýikligi 900 metre ýetýär.

Ony yşyklar bilen bezemek üçin 7,5 kilometrden gowrak kabel gerek bolýar.Gubbioda ilkinji yşyklardan ybarat arça agajy 1981-nji ýylda oturdyldy.Ol 1991-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

7. Sport awtoulag öndürijisi Lamborghini dört günlük iş hepdesine geçýändigini mälim etdi. Kompaniýa kärdeşler arkalaşyklary bilen geçirilen gepleşiklerden soň, şeýle karary kabul eden dünýäde ilkinji awtoulag öndürijisi boldy. Täze meýilnama boýunça iki çalşykda işleýän işçiler bäş günlük iş hepdesi bilen dört günlük iş hepdesiniň arasynda gezekleşerler. Netijede, olaryň iş günleriniň sany ýylda 22 gün azaldar.

Sport habarlary

8. Türkmen agyr atletikaçysy Bunýad Raşidow Doha şäherinde geçirilýän Halkara agyr atletika federasiýasynyň Gran-pri ýaryşynyň Olimpiýa oýunlaryna saýlama bäsleşiginde silterläp götermekde altyn, iki tapgyryň netijeleri boýunça bürünç medala mynasyp boldy. 23 ýaşly türgen bu üstünligi 67 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Ol jemi 298 kg netije görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Syýasy tussag Gulgeldi Annanyýazowyň sürgün möhleti gutardy
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli awgustyň aýagynda ekrana çykar
Aždarhanyň öýi atly köp bölümli filmiň surata düşüriliş işleri tamamlandy
Hytaýyň ýaşaýjylary gök suw barsynyň Täze ýylyny garşy aldylar
Amerikan aktýory we başa-baş söweş sungatlarynyň ussady Bob Uoll aradan çykdy
Eýran käbir ýurtlardan syýahatçylary çekmegi meýilleşdirýär