Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Türkmenistanyň milli howa gatnawçysy 2024-nji ýylyň täze tomus meýilnamasynda Aşgabat — Deli ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň köpelendigini habar berdi. Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi web sahypasyndaky maglumatlara görä, Hindistanyň paýtagtyna hepdelik uçuşlaryň sany ikiden üçe çenli artar.

2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabry aralygynda güýje girýän täze meýilnama laýyklykda, Aşgabatdan Delä uçuşlar T5-531 (uçur 01:45, gonuş 05:35), T5-533 (07:00 — 10:50), T5-537 (04:00 — 07:50) belgiler boýunça amala aşyrylar.

Uçarlar Deliden Aşgabat şäherine şeýle tertipde gaýdyp geler: T5-532 (06:55 — 10:35), T5-534 (12:20 — 16:00), T5-538 (09:20 — 13:00). Wagt ýerli howa menziliniň wagtyna esaslanýar.

Delä uçuş ýygylygynyň ýokarlanmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky howa gatnawyna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem bu üstaşyr uçuşdan peýdalanýan ýolagçylar üçin aragatnaşygy gowulandyrar.

Ýene degişli makalalar

29-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuş tertibini üýtgetdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi, Türkmen howa ýollarynyň uçarlary gyşda haýsy 7 ýurda uçar we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat Deli ugry boýunça uçuş tertibini üýtgetdi, görnükli türkmen şahyry Magtymgulynyň döredijiligi Nýu-Meksiko uniwersitetinde ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar