Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji onlugyndan orun aldy

Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji onlugyndan orun aldy

Türkmenistan dünýäde benziniň iň arzan döwletleriniň hataryndan orun aldy. Bu barada Global Petrol Prices kompaniýasynyň seljermelerine salgylanyp, daryo.uz habar berýär.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanda benziniň bir litri 0,428 amerikan dollaryna barabar bolup, bu ugurda dünýäde sekizinji orundan ýer aldy. Şeýle-de Türkmenistandaky benziniň 1 litriniň bahasynyň dünýädäki ortaça bahadan 3 essä golaý arzandygyny bellemek gerek.

Reýtingde benziniň iň arzan ýurdy hökmünde Wenesuelanyň (1 litriň bahasy 0,016 amerikan dollary) ady getirilýär. Benziniň iň gymmat ýurdy bolsa Gonkong (1 litriň bahasy 2,942 amerikan dollary) hasaplanýar. 2023-nji ýylyň fewral aýynyň jemleri boýunça toplanan maglumatlar häzirki wagtda dünýäde 1 litr benziniň ortaça bahasy 1,30 amerikan dollaryna barabardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň iň korrumpirlenen ýurdy- TI
Dubaý we Abu-Dabi gurply dünýä şäherleriniň arasynda
Iň gysga iş hepdesi bolan ýurtlar
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Türkmenistan Merkezi Aziýada dizel ýangyjynyň arzanlygy boýunça öňdebaryjy bolup galýar
Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň täzelenen reýtingdäki orny belli boldy