Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasy bilelikdäki täze resminamalara gol çekişdiler

Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasy bilelikdäki täze resminamalara gol çekişdiler

Şu gün, 2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk atly halkara maslahat öz işine başlady.

Çäräniň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.Hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga hem-de Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge we gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak atly taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasyndaky 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň BMG-niň Ilat Gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
UNFPA Türkmenistanyň gender deňligi boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi
Türkmenistan demografiýa we gender deňligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň DIM-inde gender deňligi babatda CEDAW-yň maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça amaly ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan we BMG birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekdi
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti UNFPA-dan täze enjamlary satyn aldy