Türkmenistan bilen Eýran Mary şäherinde bezeg we amaly sungat eserleriniň bilelikdäki sergisini geçirer

Türkmenistan bilen Eýran Mary şäherinde bezeg we amaly sungat eserleriniň bilelikdäki sergisini geçirer

14-15-nji dekabr aralygynda Mary şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bezeg we amaly sungat eserleriniň bilelikdäki sergisi geçiriler. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkeziniň metbugat gullugy habar berýär.

Bilelikdäki serginiň çäginde mozaika we bezeg sungaty boýunça ussatlyk sapaklary hem geçiriler. Myhmanlar dabaraly konserte we sungat işgärleriniň çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.

Şeýle hem, sergä Eýrandan Zendegiýe Aýinie Mazändäran aýdym-saz topary gatnaşar.

Serginiň açylyşy 14-nji dekabrda sagat 11:00-da Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolar. Oňa Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtab Ruzbekhaniniň hem gatnaşar.

Şol gün sagat 18:00-da Kemine adyndaky Mary welaýatynyň Döwlet drama teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler.

Ýene degişli makalalar

TÄZE ÝYLA BAÝRAMÇYLYK SOWGADY
Ýurdumyzyň teatrlarynda Täze ýyl şowhuny
23-25-nji ýanwar aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Wita Timermanyň ýolbaşçylygyndaky çagalar hor konserti geçirildi
Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergi açyldy