Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergi açyldy

Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergi açyldy

Şu gün Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurduň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik işgärleri bilen birlikde Eýran Yslam Respublikasyndan gelen sungat, döredijilik işgärleri hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Serginiň açylyş dabarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani we EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli etdi.

Iki gün dowam etjek sergide Eýrandan gelen amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň taýýarlan döredijilik işleri ýaýbaňlandyrylypdyr.Dürli ugurlarda taýýarlanan döredijilik, şeýle-de el işlerinde ýurduň özüne mahsus bolan däp-dessurlar, tebigat gözellikleri öz beýanyny tapýar.

Serginiň dowamynda dabara gatnaşýan myhmanlar Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň taýýarlan sungat eserleri, şeýle-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň Mary welaýatyndaky agzalary taýýarlan sungat eserleri bilen tanyşdylar.

Dabaranyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasyndan gelen mozaika sungatynyň ussatlary Fariborz Motamedi we Amirhossein Pourjabbari Khamene dagy dabara gatnaşýan myhmanlar üçin mozaika boýunça ussatlyk sapaklaryny geçdiler.

Şu gün sagat 18:00-da Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa iki ýurduň aýdym-saz toparlarynyň konserti geçiriler. Konsert maksatnamasyna laýyklykda ýurduň medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik toparlary bilen birlikde Eýran Yslam Respublikasyndan gelen Zendegiýe Aýiniýe Mazändäran saz we tans topary hem çykyş ederler.

Ýene degişli makalalar

Maryda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde kalligrafiýa sungatynyň, Gurhan kitabynyň sergisi açyldy
Aşgabatda kalligrafiýa sungatynyň we Gurhan kitabynyň sergisi açyldy
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary