Aşgabatda türkmen-eýran syýahatçylyk festiwalynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär

Aşgabatda türkmen-eýran syýahatçylyk festiwalynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär

31-nji oktýabr 2-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde syýahatçylyk festiwalynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň guramaçylary bolup Yslam Medeniýeti we gatnaşyklary guramasy (ICRO), Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministrligi çykyş ederler.

Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni attaşesi Nawid Rasuliniň sözlerine salgylanyp, Orient habar berdi. Festiwalyň çäginde Eýranyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, lukmançylyk hyzmatlary we medeni önümlerini tanyşdyrylar.

Nawid Rasuliniň aýtmagyna görä, eýýäm festiwala gatnaşmak üçin isleg bildirýän eýran kompaniýalarynyň 11 sanysy hasaba alyndy.

Fetiwalyň dowamynda saglyk ulgamyna we eýran halkynyň milli senetçiligine bagyşlanan medeni çäreler guralar. Şeýle-de Eýranyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylara ýetiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Abu Aly ibn Sina bagyşlanyp çäre geçirildi
Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergi açyldy
Maryda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungaty boýunça bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
Türkmen wise-premýeri Moskwada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Aşgabatda Ýälda baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler