Türkmenistan bilen Eýran özara syýahatçylygy ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Eýran özara syýahatçylygy ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy

2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Erkin we ýörite ykdysady zolaklaryň Ýokary Geňeşiniň Sekretariatynyň Medeniýet, durmuş meseleleri we syýahatçylyk boýunça orunbasary M.Mazinaniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçip, onuň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýola goýlan oňyn goňşyçylyk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ösdürilýändigini aýratyn belläp syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine hyzmat edýändigini nygtady.

Eýran tarapy duşuşykda geljekde hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe täze teklipleri orta atdy.Hususan-da, iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen türkmen raýatlarynyň Eýrana, eýran raýatlarynyň bolsa Türkmenistana syýahat etmegini ýeňilleşdirmek babatda pikir alyşmalar geçirildi. Şeýle hem türkmen media wekilleriniň Eýranyň syýahatçylyk taýdan özüne çekiji sebitlerine baryp görmegi, şol ýerler barada maglumatlary ýaýratmak arkaly iki ýurduň arasyndaky medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle-de, 2026-njy ýylda Beýik ýüpek ýolunyň ugry bilen awtoulag ralli kerweni Türkmenistanyň üsti bilen ibermek teklipleriniň bardygyny mälim etdiler we onuň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga uly mümkinçilikleri döretdi diýip taraplar belläp geçdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy

Ýene degişli makalalar

MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYK ÝUBILEÝI, HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY HEM-DE BMG-NIŇ 80 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DIPLOMATIK AGŞAMY GEÇIRILDI
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy