Türkmenistan bilen Gruziýa göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy ylalaşdylar

Türkmenistan bilen Gruziýa göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy ylalaşdylar

Türkmenistan bilen Gruziýa iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak we ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmak barada şertnama baglaşdy. Bu barada Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň metbugat gullugy çarşenbe güni mälim etdi.

Premýer-ministr Irakli Garibaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky Gruziýanyň wekiliýetiniň Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gruziýanyň wise-premýeri, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili Aşgabat bilen göni uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekilendigini aýtdy.

Dawitaşwili Türkmenistanyň Gruziýanyň möhüm söwda hyzmatdaşydygyny aýdyp, taraplaryň söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, päsgelçilikleri aýyrmak we has köp gruzin önümleriniň Türkmenistana eksport edilmegine ýol açmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Ministr himiýa senagaty boýunça öňdebaryjy ýurt hökmünde Türkmenistanyň Gruziýanyň ulag geçelgesine we önümlerini eksport etmek üçin logistika infrastrukturasyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Iki ýurduň arasynda gazanylan şertnamanyň ýük akymynyň ýokarlanmagyna goşant goşjakdygy nygtaldy.

Şeýle hem, ministr türkmen resmileri bilen energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleriň alnyp barlandygyny belläp geçdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Gruziýa taýýar nebit we nebithimiýa önümlerini iberýändigini belläp, Dawitaşwili indi energiýa çeşmelerini Gruziýa eksport etmek boýunça işlere başlanjakdygyny aýtdy.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Gruziýa jahankeşdeligi ösdürmäge bäş ýylda milliard lari goýbermekçi
Geçen hepde Türki döwletlerde möhüm saparlar guraldy we duşuşyklar geçirildi
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Prezident Erdogan Gurziýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň senesi mälim edildi, Huawei Aşgabatda telefon torlaryny giňeldýär, 2023-nji ýylda Türkmenistanda birnäçe halkara talyp olimpiadalary geçiriler we beýleki habarlar
Gruziýa Bilen Ermenistanyň Arasynda Şahadatnama Bilen Syýahat Döwri Başlar