Gruziýa jahankeşdeligi ösdürmäge bäş ýylda milliard lari goýbermekçi

Gruziýa jahankeşdeligi ösdürmäge bäş ýylda milliard lari goýbermekçi

Gruziýanyň Hökümeti ýurtda jahankeşdelik şäherlerini we şypahanalaryny ösdürmek boýunça bäşýyllyk maksatnama milliard lari bölüp bermekçi diýip, Premýer-ministr Irakliý Garibaşwili habar berdi. Bu serişdelere taryhy-medeni ojaklary dikeltmek hem-de täze jahankeşdelik zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär diýip, MIR 24 ýazýar.

Maksatnama syýahatçylaryň arasynda meşhur bolan şäherler giriziler, olar: Boržomi, Kutaisi, Telawi, Shaltubo, Zugdidi, Msheta, Batumi, Stepansminda, Mestia we Kazbegidir. 2023-nji ýylda maksatnamanyň birinji tapgyry üçin 200 million lari goýberiler.

Gruziýanyň Hökümet başlygy taslamanyň golaý wagtda başlanjakdygyny, onuň durmuşa geçirilmegi üçin iň ussat gurluşykçylardyr binagärleriň saýlanyp alynjakdygyny belledi.

Soňky ýyllarda Gruziýa barýan daşary ýurt jahankeşdeleriniň sany artýar.

Ýene degişli makalalar

Wise-premýer H.Geldimyradow SPEKA-nyň sammitine gatnaşdy
Gruziýanyň Premýer-ministri iş başyndan gidýändigini yglan etdi
H.Geldimyradow: Türkmenistan soňky ýyllarda SPEKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
H.Geldimyradow: Türkmenistanyň soňky ýyllarda SEPKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Soňky 100 Ýylda Türkiýe Sebitleýin we Global Derejede Güýçli Pozisiýa Eýeleýär
Halkara ýüpek ýoly forumy Tbiliside geçirilýär